
Türkmenistanyň Futbol federasiýasyna ýolbaşçy saýlanyldy
04.11.2024ý.
Türkmen futbolynyň ady rowaýata öwrülen wekilleriniň biri 43 ýaşly Öwekow Guwançmuhammet Saparmuhammedowiç şu gün resmi taýdan Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy wezipesine saýlanyldy.
Degişli çözgüt Türkmenistanyň Futbol federasiýanyň nobatdan daşary konferensiýasynda kabul edildi. Konferensiýa gatnaşyjylaryň ählisiniň biragyzdan ses bermeginde Öwekow Guwançmuhammet Saparmuhammedowiç, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy wezipesine saýlanyldy.
Öwekow Guwançmuhammet Saparmuhammedowiç futbol ýoluny tamamlandan soň, «Ahal» futbol toparynda tälimçi, soňra «Ahal» we «Arkadag» klublarynyň ýolbaşçysy bolup işläpdi. Onuň ýolbaşçylygynda "Ahal" 2022-nji ýylda çempionatda we Türkmenistan Kubogynda ýeňiji boldy. Hünärmen şeýle üstünligi «Arkadag» futbol topary bilen hem gazanmagy başardy.
TFF-niň ozalky ýolbaşçysy Aýnazarow Arslan Kyýasowiçden soň bu wezipäni wagtlaýyn ýerine Garajaýew Rahat Geldiýewiç ýetirip gelýärdi.
Öwekow Guwançmuhammet Saparmuhammedowiç şu gün ― 4-nji noýabrda geçirilen konferensiýada wezipä ýeke-täk dalaşgär hökmünde saýlawa girdi. Konferensiýa gatnaşyjylar biragyzdan onuň dalaşgärligini goldadylar. Konferensiýanyň netijesinde Öwekow Guwançmuhammet Saparmuhammedowiçiň ýüzlenmesi hem diňlenildi. Şeýle hem gün tertibine girizilen meseleleriň ählisine seredildi.
Guwançmuhammet Öwekow türkmen futbolynyň ady rowaýata öwrülen ýyldyzlarynyň biridir. 43 ýaşly ozalky futbolçy professional karýerasyna heniz 20 hem ýaşamanka, Aşgabadyň «Nisa» toparynda gadam goýdy. Birnäçe ýyllap, dostlukly döwletiň «Arsenal», «Borisfen», «Worskla» toparlarynyň köýnekçesini geýdi. 2005-nji we 2006-njy ýyllarda Özbegistanyň «Nawbahor» toparynda çykyş edensoň, ýene-de Ukraina dolanyp, «Zarýa» we «Harkow» toparlarynda futbol oýnady. Şondan soň futbolçy Gazagystanyň «Žetisu», Özbegistanyň «Nawbahor» (ikinji gezek) we «Horezm» toparlarynyň köýnekçelerini geýdi. 2011-nji we 2012-nji ýyllarda «Balkan» (häzirki «Nebitçi») toparynyň üstünlikleri üçin göreşdi. Guwançmuhammet Öwekow Türkmenistanyň milli ýygyndysynda hem birnäçe ýyllap çykyş etdi.
Guwançmuhammet Öwekow 2014-nji ýylda oýunçy hem tälimçi hökmünde «Ahala» geldi. Şondan soň ol bu toparyň baş tälimçisi we ýolbaşçysy wezipelerinde işledi. Ýurdumyzyň bassyr iki gezek çempiony «ARKADAG» toparyny düzmekde we toparyň şowly çykyş etmeginde goşandy uludyr.
Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!