www.jankoyer.com.tm

AFC CL. Çärýekfinalçylar belli bolup başlady

30.10.2024ý.

Ýaňy ikinji tapgyrynyň duşuşyklarynyň tamamlanandygyna garamazdan, AFK-nyň Çagyryş ligasynda eýýäm adyny çärýekfinala ýazdyran we indiki tapgyrda çykmak mümkinçiligi galmadyk käbir toparlar belli boldy.

«A» toparçada ilkinji iki duşuşygynda hem garşydaşlaryndan asgyn gelen Bangladeşiň «Başundara Kings» topary çärýek final mümkinçiligini doly ýitirdi. Düzüminde «Arkadag» topary hem bolan «B» toparçada bolsa şeýle ýagdaý Maldiw adalarynyň «Maziýa» toparynyň başyna geldi.

«C» toparçada Omanyň «Al-Sib» toparynyň wagtyndan ozal adyny çärýekfinala ýazdyrandygyny aýtmak gerek. Toparçanyň galan wekillerinde – «Hilal al-Kudsda» (Palestina) 2, «Al-Ahli» (Bahreýn) bilen «Al-Fotuwada» (Siriýa) 1 utukdan bar. Gündogar sebite degişli bolan «D» toparçanyň ykbaly üçünji tapgyrdan soň belli bolar. Ýöne häzir Mýanmanyň «Şan Ýunaýted» toparynyň mümkinçiligi ýokary. Ýaryşyň «E» toparçasynda bolsa Kambojanyň «Preah Khan» topary eýýäm adyny çärýekfinala ýazdyrmagy başardy.


Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!