AFC CL. "Arkadag" futbol topary ikinji duşuşygynda "Abdyş-Ata" toparyny ýeňdi

29.10.2024ý.

Şu gün – 29-njy oktýabrda «Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ikinji duşuşygynda Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata» topary bilen duşuşyp, «Arkadag» topary taryhyndaky ikinji halkara duşuşygy 2:0 hasabynda tamamlandy. Duşuşykda türkmen toparynyň gollaryny toparyň hüjümçisi Şamämmet Hydyrow (27') hem-de goragçysy Abdy Bäşimow (50') geçirdi. 19:30-da başlanan duşuşyk Kuweýt şäherindäki «Al Kuwait Sports Club» stadionynda geçirildi. 

«Arkadag» futbol topary 1-nji noýabrda «Al-Arabi» topara garşy oýun bilen jemlär.

Ýaryşyň çärýek finalyna Günbatar sebitden her toparçanyň ýeňijisi we toparçalarda ikinji orny eýelän toparlaryň iň gowusy, Gündogar sebitden bolsa her toparçanyň ýeňijisi gatnaşar.

Ýaryşyň çärýekfinal duşuşyklary 2025-nji ýylyň 5-13-nji marty, ýarymfinallary 9-17-nji apreli aralygynda, final duşuşygy bolsa 10-njy maýynda geçiriler.

AFK-nyň Çagyryş ligasy 2024/25

«B» toparça, 2-nji tapgyr: 

29.10.2024ý. (sişenbe)

«Abdyş-Ata» – «Arkadag» – 0:2

[0:1] – 27' Şamämmet Hydyrow 

[0:2] – 50' Abdy Bäşimow

Geçirilen ýeri: «Al Kuwait Sports Club» stadiony (Kuweýt ş., Kuweýt)

«Arkadag» toparynyň futbolçylary Aziýa toparlarynyň arasynda geçirilýän ähmiýeti boýunça üçünji derejeli ýaryşda ikinji ýeňşini gazanyp, AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çärýek finalyna çykmaga golaýlaşdylar.

Maldiwleriň «Maziýa» toparyny 2:1 hasabynda utandan soň Wladimir Baýramowyň oýunçylary Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi we 6 utuk bilen «B» toparçada öňdeligi eýeledi, El-Kuweýtde toparçada dört topar, şol sanda Kuweýtiň «Al-Arabi» topary indiki tapgyra çykmak üçin göreşýär.

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň iki gezek çempionlarynyň duşuşygynyň birinji ýarymy asuda geçdi, onda derwezäniň öňünde howply pursatlar seýrek boldy. 

«Abdyş-Ata» toparynyň derwezesiniň öňünde ilkinji howply pursat 6-njy minutda boldy, Arslanmyrat Amanow topy Altymyrat Annadurdyýewe geçirdi ýöne, ol topy göni derwezeban Marsel Islamkulowyň eline depdi.

Muňa garamazdan, «Arkadag» toparyň peýdasyna 1:0 hasabynda toparlar arakesmä gitdiler. 27-nji minutda Altymyrat Annadurdyýew çep gyradaky goragçydan sypyp, pökgüni garşydaşyň jerime meýdançasyna geçirdi. «Abdyş-Ata» toparynyň goragçysy Magamed Uzdenow topy öz zolagyndan çykaryp bilmedi, oňa ýetişen Şamammet Hydyrow ony tutmaga howlugan derwezebanyň gapdalyndan toruna saldy.

49-njy minutda Arslanmyrat Amanow topy meýdançanyň sag burçundan Abdy Bäşimowa geçirdi, olam ony depip, tora saldy we «Arkadag» toparyny öňe çykardy.

Ikinji ýarymyň ortasynda «Abdyş-Ata» topary hasaby azaldyp biljekdi. Emma Gyrgyzystanyň bu toparynda oýnaýan Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Teýmur Çaryýewiň depen pökgisi derwezäniň üstünden geçdi.

2-nji tapgyryň beýleki bir oýnunda Kuweýtiň «Al-Arabi» topary «Maziýa Sports and Rekrieýşn» (Maldiwler) toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykdy. Ýussef Majed (7-nji minutda) we Ali Halaf (8-nji minutda) toparyna ýeňiş getirdiler.

Soňky tapgyrdan öň «Arkadag» toparyndan 3 utuk yzda barýan «Abdyş-Ata» we «Al-Arabi» ikinji we üçünji orny paýlaşýarlar. Ýaryşyň utulan çykdy tapgyryna çykmak mümkinçiligini ýitiren «Maziya Sports and Rekrieýşn» ýeke utugam gazanyp bilmän, toparçada soňky orunda galdy. Bu toparçadan kimiň çärýek finala çykjagy jemleýji oýunlaryň: «Al-Arabi» – «Arkadag» we «Maziya Sports and Rekrieýşn» – «Abdyş-Ata» toparlarynyň duşuşyklarynyň netijelerine görä belli bolar.

AFK-nyň Çagyryş ligasynyň baýragy ugrunda geografiýa ýerleşişi boýunça Günbatar we Gündogar zolaga bölünen 18 klub bäsleşýär. Toparlaryň bäşisinde duşuşyklar merkezleşdirilen görnüşde geçirilýär, onda her topar garşydaşlary bilen bir gezek duşuşýar.

Toparçalardaky duşuşyklaryň netijeleri boýunça sekiz topar: toparçalaryň ýeňijileriniň üçüsi we Günbatar Aziýanyň iň gowy ikinji topary, şeýle hem Gündogar Aziýanyň her toparçasyndan iň gowy iki topar çärýek finala çykar. Pleý-off oýunlary 2025-nji ýylyň mart aýynda öz meýdançasynda we myhmançylykda geçiriler.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň bassyr ikinji çempionlygyny mundan 22 gün öň yglan eden «Arkadag» futbol topary şu gün, 29-nji oktýabrda taryhyndaky 61-nji duşuşygynda 61-nji ýeňşini gazandy.

Olar:

1. 2023-nji ýylyň Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasy – 24 duşuşyk.

2. 2023-nji ýylyň Türkmenistanyň Kubogy – 7 duşuşyk.

3. 2024-nji ýylyň Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasy – 26 duşuşyk.

4. 2024-nji ýylyň Türkmenistanyň Kubogy – 2 duşuşyk.

5. AFK-nyň Çagyryş ligasy 2024/25 – 2 duşuşyk.

Şeýlelikde, «Arkadag» futbol kluby geçiren 61 duşuşygynda ýekeje gezek hem utulmany, şol sanda deňme-deň oýnamany, 100 göterimlik netije görkezip, Türkmenistanyň futbol taryhynda öz adyny Altyn harplar bilen ýazdyrmagy dowam edýär. 


Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!


Bellik: Habarda Türkmenistanyň «Türkmenistan: Altyn asyr» (www.turkmenistan.gov.tm) saýtyndan maglumatlar ulanylandyr.