AFC CL. "Arkadag" futbol toparynyň ilkinji halkara taryhy ýeňşi

27.10.2024ý.

Düýn – 26-nji oktýabrda «Arkadag» futbol topary ilkinji resmi halkara ýaryşyna gatnaşdy. Ýagny, AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ilkinji duşuşygynda Maldiw adalarynyň «Maziýa Sports end Rekrieýşn» topary bilen duşuşyp, «Arkadag» topary taryhyndaky ilkinji halkara duşuşygy 2:1 hasabynda tamamlandy. Duşuşykda türkmen toparynyň gollaryny Ýokary liganyň şu günki gün iň netijeli futbolçylary Didar Durdyýew hem-de Altymyrat Annadurdyýew geçirdi. 23:30-da başlanan duşuşyk Kuwetý şäherindäki «Al Kuwait Sports Club» stadionynda geçirildi. 

«Arkadag» futbol topary 29-njy oktýabrda «Abdyş-Ata» bilen duşuşar, toparçadaky çykyşyny 1-nji noýabrda «Al-Arabi» topara garşy oýun bilen jemlär.

AFK-nyň Çagyryş ligasy 2024/25

«B» toparça, 1-nji tapgyr: 

26.10.2024ý. (şenbe)

«Arkadag» – «Maziýa» 2:1

[0:1] – 45' J.Zorrilla

[1:1] – 67' Didar Durdyýew

[2:1] – 76' Altymyrat Annadurdyýew

«Arkadag» futbol klubynyň esasy düzümi:

Duşuşygyň emini: Venkatesh Ramachandran (Hindistan)

Başlanan wagty: 21:30 (ýerli wagt boýunça) 

Geçirilen ýeri: «Al Kuwait Sports Club» stadiony (Kuweýt ş., Kuweýt)

«B» toparçanyň ugurdaş duşuşygynda «Abdyş-Ata» (Gyrgyzystan) «Al-Arabi» (Kuweýt) toparyny 1:0 hasabynda utmagy başardy.

AFK-nyň Çagyryş ligasy – Aziýada ähmiýeti boýunça üçünji klub ýaryşydyr.

Ýaryşyň çärýek finalyna Günbatar sebitden her toparçanyň ýeňijisi we toparçalarda ikinji orny eýelän toparlaryň iň gowusy, Gündogar sebitden bolsa her toparçanyň ýeňijisi gatnaşar.

Ýaryşyň çärýekfinal duşuşyklary 2025-nji ýylyň 5-13-nji marty, ýarymfinallary 9-17-nji apreli aralygynda, final duşuşygy bolsa 10-njy maýynda geçiriler.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň bassyr ikinji çempionlygyny mundan 20 gün öň yglan eden «Arkadag» futbol topary düýn, 26-nji oktýabrda taryhyndaky 60-njy duşuşygynda 60-njy ýeňşini gazandy.

Olar:

1. 2023-nji ýylyň Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasy – 24 duşuşyk.

2. 2023-nji ýylyň Türkmenistanyň Kubogy – 7 duşuşyk.

3. 2024-nji ýylyň Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasy – 26 duşuşyk.

4. 2024-nji ýylyň Türkmenistanyň Kubogy – 2 duşuşyk.

5. AFK-nyň Çagyryş ligasy 2024/25 – 1 duşuşyk.

Şeýlelikde, «Arkadag» futbol kluby geçiren 60 duşuşygynda ýekeje gezek hem utulmany, şol sanda deňme-deň oýnamany, 100 göterimlik netije görkezip, Türkmenistanyň futbol taryhynda öz adyny Altyn harplar bilen ýazdyrmagy dowam edýär. 

«Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ilkinji duşuşygynda Maldiwleriň toparyny ýeňdi.

 «Arkadag» toparynyň futbolçylary AFK-nyň Çagyryş ligasynda Maldiwleriň «Maziýa» toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy.

AFK-nyň Çagyryş ligasy – Aziýada toparlaryň arasynda geçirilýän ähmiýeti boýunça üçünji ýaryş bolup, oňa AFK-nyň Çempionlar ligasynyň we AFK-2-niň Çempionlar ligasynyň ýokary derejeli gatnaşyjylary bilen deňeşdirilende derejesi boýunça has gowşagrak toparlar gatnaşýarlar. Ol futbolda zehinlerini görkezmek maksady bilen höwesjeň toparlar üçin döredildi.

2024-2025-nji ýyl möwsüminde AFK-nyň Çagyryş ligasynyň baýragy ugrunda 18 topar güýç synanyşýar. Olar geografiýa ýerleşişi boýunça Günbatar we Gündogar zolaklaryna bölünendir. Toparlaryň bäşisinde duşuşyklar merkezleşdirilen görnüşde geçirilip, şonuň çäklerinde her topar öz garşydaşy bilen bir gezek duşuşýar.

Toparçalardaky oýunlaryň netijeleri boýunça sekiz topar: toparçalaryň ýeňijileriniň üçüsi hem-de Günbatar zolakda ikinji orunlary eýelänleriň güýçlisi, şeýle hem Gündogar zolagyň her toparyndan iki sany iň güýçli topar çärýek finala çykarlar.

«Arkadag» toparynyň «Maziýa» topary bilen duşuşygy El-Kuweýtde «Kuwait Sports Club» stadionynda geçirildi. Şonda Günbatar zolagyň «B» toparçasynda, şeýle hem Kuweýtiň «Al-Arabi» we Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» toparlary çärýek finala çykmak ugrunda göreş alyp barýarlar.

Şu aý Türkmenistanda utuklar boýunça ynamly netije görkezip, ikinji gezek çempion bolan we milli ýygyndy toparyň düzüminiň esasyny emele getirýän «Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynda 1996-njy ýylda döredilen Maldiwleriň «Maziýa» futbol toparynyň garşysyna ilkinji oýnuny geçirdi. Garşydaş topar «Maziýa» sport-sagaldyş toplumyna wekilçilik edýär. Topar Maldiwleriň bäş gezek çempiony boldy, Milli futbol federasiýasynyň Kubogyna üç gezek hem-de öz ýurdunyň Prezidentiniň Kubogyna iki gezek eýe boldy. «Maziýa» futbol topary 2013-nji ýyldan bäri, AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşa dokuz gezek gatnaşdy, ýöne Aziýanyň toparlarynyň arasynda ähmiýeti boýunça ikinji ýaryşda hiç hili abraýly netije gazanyp bilmedi. Bu hem geň däldir, çünki Maldiwlerde futbol onçakly meşhur däl. Şoňa görä-de, oýna çenli hünärmenleriň köpüsi türkmen futbol toparynyň ýeňillik bilen ýeňiş gazanjakdygyny çakladylar.

Emma, duşuşyk Türkmenistanyň iki gezek çempiony üçin ýeňil düşmedi. Wladimir Baýramowyň türgenleri 0:1 hasabynda ýeňilip barýarkalar arakesmä çykdylar. 45-nji minutda sag gyradan «Arkadag» futbol toparynyň jerime meýdançasyna tarap ýokarlygyna pökgi iberildi. Berdimyrat Rejepow pökgini kellesi bilen çykarjak boldy, ýöne muny göni Jonatan Kontillana geçirdi, ol bolsa özüne gelen pökgüni güýçli urup, derwezäniň ýokarky kese sütünine degrip hasaby açdy.

Ikinji ýarymda türkmen futbolçylary oýnuň barşyny üýtgetmek üçin uly yhlas etdiler. Bu bolsa olara başartdy. Ilki 66-njy minutda 6 minut öňýany ätiýaçdan oýna giren geçen ýylyň Milli ýaryşynda iň köp pökgi salan Didar Durdyýew çep gyradan Ybraýym Mämmedowyň depip ýokarlygyna iberen pökgüsini şowly kabul etmek bilen garşydaşyň derwezebanynyň duran çyzygynyň ýanynda kellesi bilen urup pökgüni tora salyp, hasaby deňledi – 1:1. 10 minut geçenden soň bolsa, Şanazar Tirkişow hem-de Altymyrat Annadurdyýew hut şonuň ýaly usulda ikinji pökgüni hem tora geçirdiler. Şanazar çep gyradan pökgüni iberdi, A.Annadurdyýew bolsa derwezä ýakyn aralykdan kellesi bilen urup, pökgüni tora gönderdi.

«Arkadag» topary 2:1 hasabynda ýeňiş gazanyp ilkinji 3 utuga eýe boldy we indi ikinji tapgyrda gyrgyzyň «Abdyş-Ata» topary bilen duşuşar. Ol topar ilkinji oýnunda Kuweýtiň «Al-Arabi» toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi hem-de türkmen futbol topary bilen utuklary boýunça deňleşdi. Gyrgyzystanyň iki gezek çempionynyň düzüminde ýeňiş goluny 62-nji minutda Erbol Atabaýew saldy. Ikinji tapgyryň beýleki duşuşygynda «Maziýa» we «Al-Arabi» öz aralarynda oýnarlar.

«B» toparçadaky ýaryş «Al-Arabi» – «Arkadag» hem-de «Maziýa» – «Abdyş-Ata» toparlarynyň arasynda 1-nji noýabrdaky duşuşyklar bilen tamamlanar.


Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!


Bellik: Habarda Türkmenistanyň «Türkmenistan: Altyn asyr» (www.turkmenistan.gov.tm) saýtyndan maglumatlar ulanylandyr.