www.the-afc.com

ACL Two. "Altyn Asyr" "Al-Tawundan" asgyn geldi

24.10.2024ý.

Düýn – 23-nji oktýabrda Aşgabadyň «Altyn Asyr» topary AFK-nyň ikinji derejeli Çempion ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda üçünji duşuşygyny geçirdi.

Buraida şäheriniň «Patyşa Abdylla Sport Siti» stadionynda geçirilen duşuşykda türkmen topary Saud Arabystanynyň «Al-Tawun» topary bilen myhmançylykda geçirip, 2:1 hasabynda asgyn geldi. 

Birinji ýarymyň 2-nji goşmaça minudynda «Al-Tawunyň» hüjümçisi Žoao Pedro gol geçirip hasaby açdy – 1:0. Ikinji ýarymyň eýýäm 2-nji minutda bolsa «Al-Tawunyň»  ýarymgoragçysy Sultan Mandaşyň goly bilen 2:0 boldy. 58-nji minutda «Altyn Asyryň» hüjümçisi Rahman Myratberdiýew owadan gol geçirip hasap 2:1 boldy.

AFK-nyň ikinji derejeli Çempionlar ligasy

3-nji tapgyr: 23.10.2024ý. 

«Al-Tawun» (Saud Arabystany Patyşalygy) ― «Altyn Asyr» (Türkmenistan) ― 2:1.

[1:0] – 45'+2 Žoao Pedro

[2:0] – 47' Sultan Mandaş

[2:1] – 58' Rahman Myratberdiýew

Duýduryşlar: 

28' Zafar Babajanow («Altyn Asyr»)

41' Faýsal Fajr («Al-Tawun»)

45'+3 Ruslan Täjiýew («Altyn Asyr»)

71' Ýazguly Hojageldiýew, baş tälimçi («Altyn Asyr»)

72' Söhbet Durdyýew («Altyn Asyr»)

Duşuşygyň emini: Junpei Iida (Ýaponiýa)

Başlanan wagty: 21:00 (ýerli wagt boýunça) 

Geçirilen ýeri: «Patyşa Abdylla Sport siti» stadiony (Buraida ş., Saud Arabystany Patyşalygy)

«B» toparçanyň ugurdaş duşuşygynda «Al-Haldiýa» (Bahreýn) myhmançylykda toparçanyň lideri «Eýr Fors» (Yrak) toparyny 2:1 hasabynda utmagy başardy.

«Altyn Asyr» futbol klubynyň düzümi:

[16] Döwletmuhammet Jallatow (d.)

[2] Zafar Babajanow

[3] Şöhrat Söýünow

[4] Abdyrahman Annamyradow

[8] Ahmet Ataýew (k.)

[10] Rahman Myratberdiýew

[12] Serdar Annaorazow

[17] Begençmyrat Myradow

[22] Röwşengeldi Halmämmedow

[24] Ruslan Täjiýew

[33] Hoşgeldi Hojowow

Ätiýaçdaky düzüm:

[1] Batyr Babaýew (d.)

[7] Myrat Annaýew

[23] Söhbet Durdyýew

[29] Muhammetali Kişikow

[30] Azym Hallyýew

[77] Selim Nurmyradow

[9] Wahyt Orazsähedow

[25] Resul Röwşenmyradow

[11] Arslan Saparow

[13] Mihail Titow

Baş tälimçi: Ýazguly Hojageldiýew


Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!