www.jankoyer.com.tm

La Liga. Lewandowskiden öňde Ronaldo hem-de Ibrahimowiç bar

08.10.2024ý.

Ispaniýanyň çempionatynda sanawyň lideri “Barselona” geçen 9-njy tapgyrda myhmançylykda “Alawesi” 3-0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda katalonlaryň gollarynyň 3-sini hem polşaly hüjümçi Robert Lewandowski geçirdi. Duşuşygyň 7-nji, 22-nji we 32-nji minutlarynda tapawutlanan ýyldyz oýunçynyň 30 ýaşdan soň Ýewropanyň TOP 5 çempionatynda geçiren gollarynyň sany 184-e ýetdi. 36 ýaşyndaky oýunçy “Barselonada” 3-nji möwsümini geçirýär. Ol soňky 6 ýylda “Bawariýa” hem-de “Barselonada” milli çempionatlarda 184 gol geçirdi. Lewandowski bu görkeziji boýunça 3-nji ýerde barýar. Ondan öňde Zlatan Ibrahimowiç bilen Kristiano Ronaldo bar. Ronaldo sanawyň başyny çekip, ol 30 ýaşdan soň Ýewropanyň TOP 5 çempionatynda 207 gezek tapawutlandy. Ibrahimowiç bolsa 191 goly geçirdi. 3-nji ýerdäki Lewandowskiden soň italiýaly Antonio Di Natale 162 gol bilen 4-nji, argentinaly Lionel Messi bolsa 147 gol bilen 5-nji orny eýeleýär.