www.jankoyer.com.tm

TÝL. "Aşgabat" – "Ahal" – 1:2 (26-njy tapgyr)

04.10.2024ý.

"Ahal" "Aşgabady" ýeňip, ýene ikinji orna şärik boldy.

"Ahal" futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynyň 26-njy tapgyrynyň çäginde myhmançylykda "Aşgabatdan" üstün çykdy.

3-nji oktýabrda "Aşgabat" stadionynda geçirilen duşuşyk "Ahalyň" 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Bu ýeňiş "Ahalyň" utugyny 49-a çykardy. Topar häzir ikinji orun üçin "Altyn Asyr" bilen ýiti göreş alyp barýar. 18 utukly "Aşgabat" bolsa ýaryş tertibiniň ýedinji basgançagynda.

Türkmenistanyň Ýokary ligasy 2024

26-njy tapgyryň netijesi

03.10.2024ý. (penşenbe)

«Aşgabat» – «Ahal» – 1:2

[1:0] – 22' Roman Galkin

[1:1] – 62' (ö.d.) Oraz Orazow

[1:2] – 75' (p.) Elman Tagaýew

Duýduryşlar:

34' Azat Rahmanow («Ahal»)

36' Oraz Orazow («Aşgabat»)

45' Bagtyýar Gürgenow («Ahal»)

55' Möwlamberdi Goşşanow («Aşgabat»)

59' Atageldi Geldiýew («Aşgabat»)

71' Azatmuhammet Hojamuhammedow («Aşgabat»)

74' Begli Nurmyradow («Aşgabat»)

90'+4 Garly Garlyýew («Aşgabat»)

Geçirilen ýeri: «Nusaý» stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: Nariman Garajaýew (Aşgabat ş.) 

Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.) 

Ätiýaçdaky emin: A.Weliýew (Änew ş.) 

Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)

 

Çeşme: TFF