
UCL. 2-nji tapgyryň duşuşyklary: “Arsenal” – PSŽ, “Baýer” – “Milan”
30.09.2024ý.
UEFA Çempionlar Ligasynda 2-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler. Sişenbe we çarşenbe günleri, ýagny 1-2-nji oktýabrda futbol janköýerlerine biri-birinden gyzykly 18 duşuşyk garaşýar.
Tapgyryň iň esasy 2 oýny sişenbe güni oýnalar. Ýagny “Arsenal” – PSŽ, “Baýer” – “Milan” tapgyryň iň esasy 2 duşuşygy hökmünde görülýär. Bu duşuşyklaryň ikisi-de 00:00-da başlanar. 1-nji tapgyrda utulan “Barselona” öz meýdançasynda “Ýang Boýzy” kabul eder. Şol sanda “Interiň” myhmany “Srwena Zwezda” topary bolar. “Mançester Siti” bolsa myhmançylykda “Slowan Bratislawa” bilen güýç synanyşar.
Çarşenbe gününde, iň ünsi çekýän duşuşyk Angliýada oýnalar. 1982-nji ýylyň çempiony “Aston Willa” şol ýyl finalda ýeňen garşydaşy “Bawariýa” bilen ençeme ýyldan soň bu ýaryşda duşuşar. “Liwerpul” “Milandan” soň başga bir italýan kluby “Bolonýa” bilen öz meýdançasynda güýç synanyşar. “Real Madrid” Fransiýada “Lill” toparynyň myhmany bolar. Duşuşykda Tibo Kurtua oýnamaz. Şol sanda Mbappeniň hem oýnamagyna garaşylanok. Germaniýada-da “Leipsig” bilen “Ýuwentusyň” arasyndaky duşuşyk köpleriň ünsüni özüne çekýär. “Benfika” – “Atletiko” duşuşygynyň hem çekeleşikli geçmegine garaşylýar.
1-nji oktýabr sişenbe
21:45 RB Salsburg – Brest
21:45 Ştutgart – Sparta Praga
00:00 Arsenal – PSŽ
00:00 Baýer – Milan
00:00 Borussiýa Dortmund – Seltik
00:00 Barselona – Ýang Boýz
00:00 Inter – Srwena Zwezda
00:00 PSW – Sporting
00:00 Slowan Bratislawa – Mançester Siti
2-nji oktýabr çarşenbe
21:45 Şahtýor Donesk – Atalanta
21:45 Žirona – Feýenoord
00:00 Aston Willa – Bawariýa
00:00 Dinamo Zagreb – Monako
00:00 Liwerpul – Bolonýa
00:00 Lill – Real Madrid
00:00 Leipsig – Ýuwentus
00:00 Şturm Gras – Klub Brýugge
00:00 Benfika – Atletiko