
La Liga. Tibo Kurtua toparyň antirekordyny goýdy
23.09.2024ý.
Şenbe güni «Real Madrid» öz janköýerleriniň öňünde «Espanýol» bilen duşuşdy. Duşuşyk "Santiago Bernabeu" stadionynda geçirildi we "Karol" toparynyň 4:1 hasabynda ýeňşi bilen tamamlandy.
Madrid toparynyň derwezeçisi Tibo Kurtua, La Ligada toparyň XXI asyrda antirekordyny goýdy. Futbolçy ikinji ýarymyň başynda öz derwezesine gol geçirdi. Şeýlelikde, Belgiýaly futbolçy şu asyrda «Real Madridiň» öz derwezesine gol geçiren ilkinji derwezeçisi boldy. "Opta Sportyň" habaryna görä, häzirki müňýyllykda derwezebanlaryň hiç biri öz derwezesine gol geçirmedi.
32 ýaşly Kurtua, Londonyň «Çelsi» toparyndan çykyp, 2018-nji ýylyň tomsundan bäri «Real Madridde» oýnaýar. Umuman alanyňda, Belgiýaly derwezeçi Ispaniýa topary üçin 243 oýun oýnady, şol oýunlarda öz derwezesine 223 gol geçirtdi.
Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!