Ligue 1. PSŽ Safanowa näçe hak töleýär?

21.09.2024ý.

PSŽ-niň russiýaly derwezeçisi Matweý Safonowyň klubdan alýan aýlyk haky barada maglumat berildi. Bu maglumat "L'Equipe" fransuz neşiri tarapyndan habar berildi.

Safonow klubdan aýda 400 müň ýewro alýar. PSŽ-niň esasy derwezeçisi Žanluiji Donnarummanyň aýlygy bolsa 849,5 müň ýewro.

Safonow PSŽ-ä şu ýylyň iýun aýynda geçdi. PSŽ derwezeçi üçin «Krasnodara» 20 million ýewro tölenildi.

Matweý Safonow PSJ-däki ilkinji resmi duşuşygyny 18-nji sentýabrda Çempionlar ligasynyň birinji tapgyrynda geçirdi. Russiýaly derwezeçi 1:0 hasabynda ýeňiş gazanylan duşuşykda gazanylan üstünlige uly goşant goşdy.


Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!