"Real" çempion topar bilen tälimçi çalyşmak isleýär

20.09.2024ý.

Ispaniýanyň we Germaniýanyň häzirki çempionlary – "Real" we "Baýer" öz aralarynda tälimçi çalşyp biljekdigi aýdylýar.

Karlo Ançelottiniň Saud Arabystanynda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän uly taslama bilen gyzyklanýandygyny mundan öňki habarlarymyzda hem ýatladypdyk. Indi bolsa, Ançelottiniň indiki tomusda topary terk edip biljekdigi aýdylýar.

Madrid superklubynyň işgärleri uzak wagt bäri "Baýerde" işleýän Habi Alonsony getirmäge synanyşýarlar.

Alonso "Patyşalyk klubynda" işlemek üçin geçen möwsümde özüne gelen ähli teklipleri ret etdi.

"Baýer" ispaniýaly tälimçisini goýberen ýagdaýynda, "Real" ýaşlar toparyny dolandyrýan Raul Lewerkuzene geçip biler.