UCL. Florian Wirtz hepdäniň iň ökde futbolçysy

20.09.2024ý.

UEFA-nyň resmi web sahypasynda, Çempionlar ligasynda hepdäniň iň ökde oýunçysy hökmünde kimiň ykrar edilendigi barada maglumatlar çykdy. Umumy tapgyryň birinji oýunlarynyň netijelerinden soň, bu baýragy «Baýeriň» hüjüm ýarymgoragçysy Florian Wirtz aldy, ol «Feýenord» (4:0) bilen geçirilen myhmançylykdaky oýunda goşa gol geçirdi.

Köp janköýerler, bu baýrak ugryndaky göreşde «Bawariýa» bilen «Dinamo Zagrebiň» (9:2) arasyndaky bolan oýunda poker geçiren Garri Keýniň ýeňmegine garaşdy. Şeýle-de bolsa, iňlis futbolçy bu baýragy alyp bilmedi.

Wirtzdan başga bu baýrak ugrynda «Bawariýadan» Garri Keýn («Dinamo Zagrebiň» garşysyna poker), «Atletikodan» Antuan Grizmann («Leýpsig» bilen 1 gol + 1 asist) we «Borussiýa Dortmunddan» Jeými Bino-Gittens («Brugge» garşy goşa gol) göreşdi.