“Liwerpulyň” ýyldyzy fransuz klubuny satyn almakçy bolýar

20.07.2024ý.

Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň ýyldyzy Trent Aleksander-Arnnold Fransiýanyň çempionaty “Ligue 1”-iň toparlaryndan “Nanty” satyn almakçy bolýar. Bu barada L’Equipe gazeti habar berýär. Habarda ýyldyz oýunçynyň maýa goýum şereketleriniň biriniň üsti bilen “Nanty” satyn almak üçin gepleşikler geçirip başlandygy bellenilýär. Futbolçynyň kakasy Maýkl Arnold oglunyň maýa goýum işlerini alyp barýar.

Taraplaryň geçiren gepleşiklerinde klubuň gymmatynyň 100 million ýewro möçberinde boljakdygy bellenilýär. Trent şol 100 million ýewronyň ilki 80 million ýewrolyk möçberini tölemäge taýýardygy aýdylýar. Taraplaryň geljek hepdede hem ýene bir gezek duşuşjakdygy bellenilýär.

“Nant” futbol klubuna 2007-nji ýyldan bäri Waldermar Kita eýeçilik edip, soňky wagtlarda janköýerler klubuň ýagdaýyndan hiç hili hoşal däl. Toparyň ykdysady hem-de sport başarnyklaryny gazanmakda kynçylyk çekýändigi barada habarda durlup geçilýär. Täze stadionyň gurluşygynyň häzirlikçe amala aşmak mümkinçiliginiň ýokdugy, şol bir wagtyň özünde-de toparyň duşuşyklaryny ýaýlyma bermek ýaly temalar klubuň satuwyna özüniň oňaýsyz täsirini ýetirýär.