Hepdäniň esasy duşuşyklary: “Man. Siti”–“Arsenal”, “Inter”–“Milan”, “Fenerbahçe”–“Galatasaraý”

20.09.2024ý.

Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda şu günden nobatdaky tapgyrlaryň duşuşyklary oýnalar. UEFA Çempionlar Ligasynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklaryndan soň milli çempionatlarda-da özüni çekiji, hemmäniň ünsüni çekjek oýunlaryň sany az däl.

Angliýadan başlasak, her hepdesinde diýen ýaly uly bir duşuşygy bolan “Premier Ligada” bu tapgyrda-da çempionlygyň 2 super topary duşuşar. London derbisi bilen başlanjak tapgyr “Man. Siti” – “Arsenal” duşuşygy bilenem tamamlanar. Ilki şenbe gününiň oýunlaryna ser salalyň.

Şenbe gününde, ýagny 21-nji sentýabrda “West Ham” bilen “Çelsi” 16:30-da duşuşar. Iki topar üçinem wajyp bolup durýan bu duşuşykda londonlylaryň ikisi hem ýeňiş gazanyp, öňdäki orunlara beýgelmek isleýär. Günüň başga bir London derbisi möwsüme geçen ýylkydan juda pes başlan “Tottenham” bilen “Brentfordyň” arasyndaky oýun bolup, ol 19:00-da başlanar. Şol bir wagtda başlanjak başga bir oýunda “Liwerpul” öz meýdançasynda “Bornmuty” kabul eder. “Liwerpul” geçen tapgyrda öz meýdançasynda “Nottingam Forestden” asgyn gelipdi.

Londonda oýnaljak başga bir duşuşyk bilenem şenbe gününiň duşuşyklary tamamlanar. 21:30-da başlanjak oýunda “Kristal Palas” bilen “Mançester Ýunaýted” güýç synanyşar.

Ýekşenbe güni, ýagny 22-nji sentýabrda 2 duşuşyk bolup, olaryň birinjisi 18:00-da başlanjak 6-njy ýerdäki “Braýton” bilen 7-nji orundaky “Nottingam Forestiň” arasyndaky oýun bolar.

2-nji oýun bolsa tapgyryň, belki-de ir hem bolsa çempionlygy kesgitläp biljek “Mançester Siti” – “Arsenal” duşuşygy bolup, 20:30-da başlanjak bu oýna ähli futbol janköýerleri gatnaşýar. Iki toparam hepdäniň dowamynda Çempionlar Ligasynyň çäginde italýan klublary bilen duşuşyp, ikisi-de golsuz deňme-deň oýnapdy.

Italiýanyň çempionatynda-da bu tapgyrda 2 uly duşuşyk bar. Şenbe gününde 21:00-da möwsüme şowly başlan “Ýuwentus” bilen “Napoli” toparlary duşuşarlar.

Ýekşenbe gününde bolsa, “Fiorentina” – “Lasio” duşuşygy (15:30) bilen başlanjak oýunlar “Derby della Madonnina” bilenem tamamlanar. Ýekşenbe gününde “Roma” sanawyň lideri “Udineze” bilen duşuşar. Tapgyryň iň esasy oýnunda “Inter” şäherdeşi “Milany” kabul eder. Soňky ýyllarda “Interi” ýeňmekde kynçylyk çekýän “Milanyň” tälimçisiniň ykbaly-da şu duşuşyga bagly bolup durýar. Duşuşyk 23:45-de başlanar.  

Ispaniýanyň çempionatynda “Wilýarreal” – “Barselona” duşuşygy öňe saýlanýar. Şenbe gününde “Real Madrid” öz meýdançasynda “Espanýol” bilen duşuşar (00:00). Ýekşenbe güni bolsa sanawyň ýeňlişsiz lideri “Barselona” myhmançylykda “Wilýarreal” bilen özara güýç synanyşar. Duşuşyk 21:30-da başlap, “Barselona” Çempionlar Ligasynda “Monakodan” utulanyndan soň, “La Ligada-da” utulmak islänok.

Germaniýanyň çempionatynda şenbe güni “Werder” – “Bawariýa” (18:30), ýekşenbe gününde-de “Baýer” –“Wolfsburg” duşuşyklary öňe çykýar. Tapgyryň iň esasy oýny bolsa “MHPArena”-da “Ştutgart” bilen “Borussiýa Dortmundyň” arasyndaky duşuşyk bolar.  

Fransiýada-da PSŽ şenbe güni myhmançylykda Reýms bilen duşuşsa, ýekşenbe günki “Lion” – “Marsel” duşuşygyň tapgyryň iň esasy oýny hasaplanýar.

Hepdäniň soňky 2 gününiň ýene bir iň esasy duşuşygy-da Stambulda oýnalar. “Fenerbahçe” bilen “Galatasaraýyň” arasyndaky Stambul derbisi şenbe güni 22:00-da başlanar.

21-nji sentýabr şenbe

West Ham – Çelsi (16:30)

Werder – Bawariýa (18:30)

Liwerpul – Bornmut (19:00)

Tottenham – Brentford (19:00)

Ýuwentus – Napoli (21:00)

Walensiýa – Žirona (21:30)

Kristal Palas – Mançester Ýunaýted (21:30)

Aýntraht – Borussiýa M (21:30)

Fenerbahçe – Galatasaraý (22:00)

Rea Madrid – Espanýol (00:00)

Reýms – PSŽ (00:00)

22-nji sentýabr ýekşenbe

Fiorentina – Lasio (15:30)

Baýer – Wolfsburg (18:30)

Mançester Siti – Arsenal (20:30)

Ştutgart – Borussiýa D (20:30)

Roma – Udineze (21:00)

Wilýarreal – Barselona (21:30)

Sankt-Pauli – Leipsig (22:30)

Inter – Milan (23:45)

Lion – Marsel (23:45)