UCL. Birinji tapgyryň netijeleri

20.09.2024ý.

UEFA Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň birinji oýunlaryndan soň, toparlaryň sanawdaky orny kesgitlenildi.

Ilkinji sekizlige «Bawariýa», «Seltik», «Baýer», «Aston Willa», «Borussiýa Dortmund», «Sparta Praga», «Liwerpul» we «Ýuwentus» girdi.

«Real Madrid», «Sporting», «Benfika», «Monako», «Brest», «Atletiko Madrid» we «PSŽ» hersi üç utuk toplap, 9-15-nji orny paýlaşýarlar.

16-21-nji orny öz oýunlaryny deňme-deň oýnan «Arsenal», «Mançester Siti», «Bolonýa», «Inter», «Atalanta» we «Şahtýor» eýeleýär. «Barselona», «Leýpsig», «Srwena Zwezda», «Žirona», «PSW», «Ştutgart», «Milan», «Lill», «Zalsburg», «Brugge», «Ýang Boýz, «Slowan Bratislawa», «Feýenord» we «Dinamo Zagreb» öz oýunlaryny ýeňilip, utuksyz sanawyň 22-36-njy soňky orunlarynda ýerleşýär.

Birinji oýunlardan soň, häzirki wagt ýaryşda iň köp gol geçiren futbolçy Harri Keýn (4 gol), iň köp asist beren futbolçy bolsa onuň topardaşy Joşua Kimmih (3 asist).

UEFA Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň ikinji oýunlarynyň 1-nji oktýabrda başlajakdygyny ýadyňyzdan çykarmaň. Bäsleşik 2 hepde dynç alýar. Iň gowy 8 topar 1/8 final tapgyra gönüden-göni gatnaşar, 9-dan 24-e çenli tamamlan toparlar goşmaça tapgyr oýnar. Ondan aşakdakylar ýaryşy terk eder.