UCL. Hiç kimiň tanamaýan futbolçysy Mbappeniň rekordyny täzeledi

20.09.2024ý.

Ýewropa Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň birinji oýnunda Fransiýanyň "Monako" topary öz meýdanynda "Barselonany" 2:1 hasabynda ýeňdi.

Toparyň ýeňşini üpjün eden ikinji pökgini heniz hiç kim tanamaýan ýaş hüjümçi Jorj Ilenikena tora girizdi.

Bu futbolçy häzirki zaman futbolynyň iň parlak ýyldyzlaryndan birine öwrülen Kilian Mbappe rekordyny täzeledi.

Ilenikena "Monakonyň" Çempionlar ligasynda gol salan iň ýaş futbolçysy hökmünde taryha girdi. Jorj gol salan wagty 18 ýaş 34 günlikdi.

Kilian Mbappe bolsa, "Monakonyň" düzüminde Çempionlar ligasynda garşydaşynyň derwezesine ilkinji pökgüsini tora girizende Ilenikenadan 29 günlik uludy.

Ilenikena "Amen" toparynyň okuwçysy hasaplanýar. Ol 2023-nji ýylyň tomsunda 6 million ýewro öwezine "Antwerpene" geçdi. Belgiýalylar zehinli hüjümçini bir ýyldan soň, şu tomus 18,75 million ýewro bilen "Monako" toparyna transfer etdi.


Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!