www.jankoyer.com.tm

Transfer. Klubsuz galan ýyldyzlar

20.09.2024ý.

Transfer möwsümi umumylykda tamamlansa-da, käbir ýurtlarda dowam edýär. Tamamlanan ýurtlar hem ýörite ygtyýarnama bilen ýetmezçiliklerini doldurýar. Ýöne şonda-da klub tapmadyk birnäçe oýunçy bolup, olaryň arasynda ýyldyz futbolçylar hem bar. Başgaça aýdylanda, olar geçen möwsümdäki klublarynda gaýtdylar we täze klubuň gözlegine çykan erkin agent ýagdaýdaky futbolçylardyr.

Derwezeçi Keýlor Nawas PSŽ-den ugradyldy we häzirlikçe kluby ýok. Tejribeli derwezeçi “Real Madridiň” hem ençeme ýyl derwezesini gorapdy.

Geçen tomusda “Sewilýa” bilen şertnama baglaşan ispaniýaly meşhur goragçy Serhio Ramos täze klubuň gözleginde. Internetde onuň arap klublarynyň biri bilen şertnama baglaşýandygy barada habarlar ýaýran hem bolsa, oýunçy entek hiç bir topar bilen şertnama baglaşmady.

Ençeme ýyl “Liwerpulda” oýnan kamerunly goragçy Joel Matip hem häzirki wagtda klub gözleýänleriň biri.

Geçen möwsümiň 2-nji ýarymyny “Galatasaraýda” geçiren kot-d’iwuarly Serž Orier klubsuz futbolçylaryň biri.

Mundan 4 ýyl öň ýyldyz oýunçylaryň hatarynda görkezilýän angliýaly Dele Allidäki pese gaçyşlyk dowam edýär. Geçen möwsüm “Ewertonda” 1 duşuşykda hem oýnamadyk 28 ýaşyndaky ýarymgoragçy entek klub tapmady, ýöne tapmagyna-da garaşylanok.

Tutuş karýerasyny “Atletik Bilbaoda” geçiren ispaniýaly Iker Munian 15 ýyllyk klubundan gaýtdy. Gaýdyş, şol gaýdyş. Tomus tamamlandy, ýöne 31 ýaşyndaky oýunçy häzirlikçe hiç bir şertnama gol çekmedi.

“Mançester Ýunaýtedde” wagtal-wagtal şowly çykyş etse-de, şikesiniňem täsiri bilen aglaba ätiýaçdan oýna giren fransiýaly Antoni Marsial entek 28 ýaşynda we klubsuz. 8,5 möwsümlik “Mançester Ýunaýteddäki” 8,5 möwsümlik başdangeçirmesi tamamlanan oýunçy bilen häzirlikçe türk klublarynyň ady agzalsa-da, entek resmi bellik ýok. Fabrizio Romanonyň aýtmagyna görä, oýunçy bilen brazil topary “Flamengo” hem içgin gyzyklanýar.

Edil Antoni Marsial ýaly başga bir fransuz hüjümçi Wissam Ben Ýedder hem häzirlikçe klubsuzlaryň biri. 5 möwsüm “Monakoda” 201 oýunda 118 gol geçiren 34 ýaşyndaky futbolçynyň karýerasyny tamamlamagy hem mümkin.

Soňky kluby “Atletiko Madrid”, ondan öň “Barselona”, “Lion”, “Mançester Ýunaýted”, PSW ýaly yklymyň öňdebaryjy klublarynyň köýnekçesini geýen niderland hüjümçi Memfis Depaýyň ady tomusda birnäçe klub bilen agzalsa-da, 3 aýyň dowamynda oňa klub tapylmady. Klub karýerasynda 437 oýunda 159 gol geçiren ýyldyz oýunç Ýewropa çempionatynda-da çykyş edipdi. 31 ýaşyndaky oýunçynyň gysga wagtda klub tapmagyna garaşylýar.

Fransiýaly Adrien Rabio hem häzirlikçe bu sanawda, ýöne onuň gysga wagtyň içinde sanawdan adyny aýyrtmagy hem mümkin. “Ýuwentus” bilen şertnamasy tamamlanan tejribeli oýunçyny “Milan” topary soňky minutlarda düzümine goşmak isledi. Ýöne Ismael Bennaseriň klubda galmagyndan soň Rabio bilen şertnama baglaşylmady. Häzirki wagtda Rabio bilen türk klublary içgin gyzyklanýar.

Mats Hummels hem bu sanawda bardy. Ýöne “Roma” bilen şertnama baglaşan 36 ýaşyndaky germaniýaly goragçy sanawdan soňky pursatda çykmagy başardy.

Öňümizdäki günlerde ýokarda ady agzalan futbolçylaryň käbirleriniň, belki-de köpüsiniň sanawdan çykmagy hem mümkin. 


Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!