“Liwerpulyň” köne hüjümçisi Fransiýanyň 4-nji ligasynda oýnar

20.09.2024ý.

Angliýanyň milli ýygyndysynyň hem-de “Liwerpulyň” ozalky hüjümçisi Andrýuw Kerrol karýerasyny Fransiýanyň 4-nji ligasynda dowam eder.

35 ýaşyndaky hüjümçi maliýe ýetmezçilikler sebäpli 4-nji liga düşürilen “Bordo” topary bilen 1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Geçen möwsümi “Ligue 2”-niň “Amien” toparynda çykyş eden (32 oýunda 4 gol) Kerrol Fransiýanyň meşhur klubunyň täzeden ýokarlara dolanmagy üçin elinden gelen kömegi etjekdigini aýtdy.

“Nýukaslda” futbola başlan Kerrol “Preston Nort End”, “Liwerpul”, “West Ham”, “Reding”, “West Bromwiç” klublarynyň köýnekçesini geýdi. Ol milli toparda-da 9 oýunda 2 gol geçirdi.


Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!