9 golly ýeňlişden soň...

20.09.2024ý.

UEFA Çempionlar Ligasynda “Bawariýadan” 9 gol geçirden “Dinamo Zagreb” toparynyň tälimçisi Sergeý Ýakirowiç bu taryhy ýeňlişden soň wezipesinden boşadyldy. 47 ýaşyndaky bosniýaly hünärmen geçen ýylyň awgustynda bu wezipä bellenilipdi.

UEFA Çempionlar Ligasynyň çäginde “Bawariýa öz meýdançasynda “Dinamo Zagrebi” 9-2 hasabynda ýeňdi. 1-nji ýarymynda 3-0 öňe saýlanan “Bawariýa” 2-nji ýarymyň başynda horwatlar 2 gol bilen jogap berip, az-owlak umytlanypdy. Ýöne geçirilen bu 2 gol “Bawariýanyň” oýunçylaryny hasam joşdurdy. Netijede, 3-si penaltiden Keýn 4, Olise 2, hasaby açan Gerreýro, Sane, oýna soňky nokady goýan Goreska dagy 1 gol geçirdi. Bu duşuşyk UEFA Çempionlar Ligasynyň çäginde bir toparyň iň köp gol geçiren oýny boldy. “Bawariýadan” öň “Monako”, “Borussiýa Dortmund” ýaly toparlar bir duşuşykda 8 gol geçiripdi. 


Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!