UCL. Endrik "Real Madridiň" iň ýaş gol geçiren oýunçysy

19.09.2024ý.

«Real Madridiň» hüjümçisi Endrik, Çempionlar ligasyndaky ilkinji oýnunda gol geçirdi.

Ýaş Braziliýaly futbolçy «Ştutgart» (3:1) bilen bolan oýnuň 80-nji minutynda Jud Bellingemiň ornuna meýdança girdi we goşmaça minutda topy tora girizip, ahyrky netijäni tagtada goýdy. "Opta" görä, Endrik Çempionlar ligasynda 18 ýyl 58 günüň içinde «Real Madridde» gol salan iň ýaş oýunçy boldy. Hüjümçi, 1995-nji ýylda 18 ýaş 113 günde gol salan meşhur Raul Gonzaleziň rekordyny täzeledi. Ýeri gelende aýtsak, ispan futbolçy «Ferenswaroş» bilen oýunda het-trik etdi.

Endrigiň 2024-nji ýylyň tomsunda «Palmeýrasdan» «Real Madride» 47,5 million ýewro geçendigini ýatladýarys. Ol sentýabr aýynda, La Liganyň 2-nji tapgyrynda «Walladolid» (3:0) bilen geçirilen oýunda Madrid topary üçin ilkinji goluny tora girizip, toparyň taryhynda gol salan iň ýaş daşary ýurtly oýunçy boldy.