FIFA Ranking. Türkmenistan ozalky ornuny iki basgançak ýokarlandyrdy

19.09.2024ý.

Şu gün ― 19-njy sentýabrda FIFA-nyň milli ýygyndylar boýunça reýtingi täzelendi. Täze sanawda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy ozalky görkezijisini iki basgançak ýokarlandyryp, 142-nji orna göterildi.

Milli ýygyndymyzyň soňky bir aýyň dowamynda duşuşyk geçirmändigini ýatladýarys.  Täzelenen reýting sanawynyň ilkinji orunlarynda üýtgeşme ýok. Argentinanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Angliýanyň, Braziliýanyň, Belgiýanyň, Niderlandlaryň, Portugaliýanyň, Kolumbiýanyň we Italiýanyň ýygyndylary ilkinji 10-lugy emele getirýär. T

äze sanawda iň ýokary ösüş gazanan ýygyndy Bruneý adalary boldy. Ýygyndy ozalky ornuny ýedi basgançak ýokarlandyrdy. Soňky bir aýdaky netijeleri boýunça iň kän utuk Boliwiýanyň ýygyndysyna (35,2 utuk) berildi. Kataryň ýygyndysy ozalky ornundan 10 basgançak aşak düşüp, iň pes görkezijä eýe bolan ýygyndy boldy. Awstraliýanyň ýygyndysynyň utuklary bolsa ozalkysyndan 26,99 utuk azaldy.