www.jankoyer.com.tm

TÝL. JH: 24-nji tapgyryň üç duşuşygyndan soň

19.09.2024ý.

Atdžanowyň ýubileý goly: Tapgyrda «Şagadamyň» ýeke-täk goluny geçiren Hydyrgeldi Atdžanow Ýokary ligadaky gollarynyň sanyny 10-a tegeledi. Ol bu gollaryň 7-sini «Şagadamda», 3-sini «Aşgabatda» oýnan möwsümlerinde geçirdi.

Hojaýew – dördünji het-trikçi: Resul Hojaýew şu möwsümde bir duşuşykda üç gezek tapawutlanyp bilen dördünji futbolçy boldy. Gyzykly tarapy, mundan öňki üç futbolçy – Didar Durdyýew, Begenç Akmämmedow we Altymyrat Annadurdyýew dagylar hem «Arkadag» toparynyň agzalarydyr.

Batyr Täçnazarow – 30-njy: «Köpetdagyň» futbolçysy Batyr Täçnazarow «Arkadag» toparynyň derwezesinden Ýokary ligada 30-njy goly geçiren futbolçy boldy.

Ikinji müňlüge gadam: 21-nji tapgyrda taryhyndaky 1000-nji utugyny gazanan «Ahal» täze ýeňiş bilen şöhratly taryhyndaky utuklaryň ikinji müňlügine gadam goýdy.