EFL Cup. Ýaryşyň taryhynda iň uzyn jerime urgusy

19.09.2024ý.

Çempionşip çempionatynda çykyş edýän «Preston Nort End» topary, sişenbe güni Angliýanyň ligasynyň kubogynyň üçünji tapgyrynda, ýaryşyň ähli 64 ýyllyk taryhynda iň uzyn jerime urgusynda premýer-ligada oýnaýan «Fulhem» toparyny 16-15 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Duşuşygyň esasy wagty 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy. 35-nji minutda Raýan Ledson «Prestony» öňe saýlady, 61-nji minutda Reis Nelson «Fulhem» üçin hasaby deňledi. Oýundan soň deňi-taýy bolmadyk penalti urgusy boldy, onda 34 urgy edildi.

32 urgy üstünlikli ýerine ýetirilenden soň, «Fulhemyň» sag goragçysy Timoti Kastan derwezä göni urgy edip bilmedi we Ledson «Prestony» dördünji tapgyra çykarmak üçin öz urgusyny sowukganlyk bilen dürs ýerine ýetirdi.