www.jankoyer.com.tm

AFC CL Two. JH: Myrat Annaýew – Merkezi Aziýada ilkinji!

19.09.2024ý.

«Altyn Asyryň» tejribeli futbolçysy Myrat Annaýew AFK-nyň kuboklarynyň täze möwsüminde Merkezi Aziýa wekilçilik edýän toparlaryň arasynda tapawutlanan ilkinji futbolçy boldy. Bu ýagdaý sport jemgyýetçiliginiň ünsüni çekdi.

Myrat Annaýewiň düýn AFK-nyň ikinji derejeli Çempionlar ligasynda yklym ýaryşlarynda üç gezek çempion bolmagy başaran «Eýr Fors» (Yrak) toparynyň derwezesinden owadan gol geçirendigini ýatladýarys. Onuň goly bilen «Altyn Asyr» duşuşykda hasaby deňläp bilipdi.

Sport neşirleri Merkezi Aziýada «Pahtakor», «Nasaf», «Istiklol», «Rawşan» ýaly düzüminde millionça dollarlyk oýunçylary bolan toparlaryň bardygyna garamazdan, ilkinji goly «Altyn Asyryň» oýunçysynyň geçirmegini toparyň uly üstünligi hasapladylar.


Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!