Türkmen hünärmenleri futzal boýunça dünýä çempionatyna gatnaşýar

19.09.2024ý.

Futzal boýunça türkmenistanly hünärmenleriň ikisi şu günler Özbegistanda geçirilýän dünýä çempionatynyň guramaçylyk toparynda işleýär. Olar Oraz Mämmetgeldiýew bilen Polat Allagulyýewdir.

Özbek metbugatynyň habar bermegine görä, Dünýä çempionatynyň guramaçylyk komiteti 245 adamdan ybarat. Şolaryň 207-si Özbegistanyň, galanlary bolsa Russiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Litwanyň, Türkmenistanyň, Kanadanyň, Fransiýanyň, Gruziýanyň, Polşanyň, Rumyniýanyň we Şri-Lankanyň wekilleridir.


Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!