www.jankoyer.com.tm

Transfer. "PSW" Iwan Perişiçi düzümine goşdy

19.09.2024ý.

«PSW» resmi web sahypasy arkaly hüjüm ýarymgoragçy Iwan Perişiçi öz düzümine goşandygyny habar berdi.

35 ýaşly futbolçy 2025-nji ýylyň ortalaryna çenli dowam edýän zähmet şertnamasyna gol çekdi.

Perişiç dogduk mekany «Haýduk» toparyndan gysga wagt soň erkin agent hökmünde topardan gitdi. Habar beriş serişdelerinde tejribeli futbolçynyň Horwatiýaly toparynyň baş tälimçisi Jennaro Gattuso bilen düşünişip bilmeýändigini ýazdylar.

Çempionlar ligasynyň açylyş tapgyrynda «PSW» sişenbe güni agşam 1:3 hasabynda «Ýuwentusdan» utuldy. Eindhoweniň topary Erediwizie çempionatynyň sanawynda birinji ýerde barýar.


Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!