SPL. Stefano Pioli Ronaldo tälim berer

19.09.2024ý.

Italiýaly tälimçi Stefano Pioli, Saud Arabystanyň «Al-Nasr» toparynyň metbugat gullugy tarapyndan toparyň baş tälimçisi hökmünde resmi taýdan tanyşdyrylýar. Taraplar iki ýyl we ýene bir uzaldylyp bilmek mümkinçilikli şertnama gol çekdiler.

Pioli kanagatlanarly netijeler görkezip bilmändigi sebäpli sişenbe güni işinden boşadylan portugaliýaly tälimçi Luiş Kaştrunyň ornuny tutýar.

Ýeri gelende bellesek, Pioliniň soňky iş ýeri «Milan» boldy. Ol 2019-njy ýyldan 2024-nji ýyla çenli "Rossonerilara" ýolbaşçylyk edip, 2021/22 möwsüminde topary italiýanyň çempiony etmegi başardy. 1999-njy ýylda başlanan tälimçilik karýerasynda 15-den gowrak toparlara tälim berdi. Tälimçi mundan öň diňe italiýanyň toparlaryna tälim berendigi sebäpli, täze topary onuň üçin italiýanyň daşyndaky ilkinji işi bolar.

Portugaliýaly Kriştiano Ronaldonyň oýnaýan «Al-Nasr» topary, Saud Arabystanyň çempionatynda bäş utuk bilen 7-nji ýerde barýar.


Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!