Angliýanyň futbol ýygyndysyna howp abanýar

17.09.2024ý.

Angliýanyň futbol ýygyndysy täze kanun taslamasy sebäpli 2028-nji ýylda öz ýurdunda geçiriljek Ýewropa çempionatyndan mahrum bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bu barada «Reuters» habar berýär.

Ýazda Angliýada futbol boýunça täze gözegçilik organyny döredýän kanun taslamasy bilen baglanyşykly degişli taslama kabul edildi. Bu organ baý klublaryň täze ligalardaky çykyşynyň öňüni almak we toparlary maliýe säwliklerinden goraýan düzgünleri üpjün etmek bilen baglanyşykly bolar. Bu taslamanyň öňüni almak maksady bilen, UEFA-nyň baş sekretary Teodor Teodorizidis Angliýanyň medeniýet, maglumat we sport ministri Liz Nandy-e hat ýazdy. Bu hatda ol hökümeti futboldaky işlere goşulmakdan çetde durmaga çagyrdy.

Eger-de Angliýa bu talaplary ýerine ýetirmese, uly ýykgynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolmagy mümkin. Bu ýagdaýda Angliýanyň milli federasiýasy UEFA-dan çykarylyp bilner. Şeýle hem ýurduň futbol ýygyndysy 2026-njy ýylky dünýä çempionatynda we 2028-nji ýylky Ýewropa çempionatynda çykyş edip bilmez, klublar bolsa halkara ýaryşlardan çetleşdiriler.


Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!