Teýmur Çaryýew Gyrgyzystanyň kubogynyň final duşuşygyna gatnaşdy

17.09.2024ý.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Teýmur Çaryýew Kant şäheriniň «Abdyş-Ata» toparynyň düzüminde Gyrgyzystanyň kubogynyň final duşuşygyna gatnaşdy. Topar düýn ýaryşyň finalynda «Muras Ýunaýted» bilen güýç synanyşdy.

Jalalabat şäherinde «Kurmanbek» stadionynda geçirilen duşuşykda «Muras United» 3:2 hasaby bilen ýeňiş gazandy. Duşuşykda «Muras Ýunaýtediň» ýeňşine Abay Bokoleýewiň 109-njy minutda geçiren goly sebäp boldy.

Duşuşykda VAR eminlik ulgamyndan peýdalanyldy. Özbegistanly we gyrgyzystanly eminler duşuşygy bilelikde alyp bardylar.

Şeýlelikde, iki topar bassyr iki ýyldan bäri ýaryşyň finalynda biri-birine garşydaş bolup gelýärler. Geçen ýyl hem «Muras Ýunaýted» finalda «Abdyş-Atany» 2:1 hasabynda ýeňipdi. Geçen ýyldaky finalda «Abdyş-Atanyň» ýeke-täk goluny türkmenistanly ýarymgoragçy Teýmur Çaryýewiň geçirendigini ýatladýarys.

1XBET Gyrgyzstanyň Kubogy 2024

Final: 15.09.2024ý.

«Muras Ýunaýted» «Abdyş-Ata» 3:2

[0:1] – 25' Emmanuel Ýagr

[1:1] – 60' (p.) Ernest Batyrkanow

[1:2] – 66' Erbol Atabaýew

[2:2] – 74' (p.) Ernest Batyrkanow

[3:2] – 109' Abay Bokoleýew


Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!