www.jankoyer.com.tm

La Liga. "Barselona" henizem Setieniň aýlygyny töleýär

17.09.2024ý.

«Barselonanyň» öňki tälimçisi Kike Setien, Kataloniýa toparynyň henizem aýlygyny töleýändigini boýun aldy. Setieniň "gök-gyzyllara" 2020-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlary aralygynda ýolbaşçylyk edendigini ýatladýarys.

— «Barselona» henizem maňa bermeli bergilerini tölemedi. Dört ýyl soň, şu aýyň ahyrynda maňa iň soňky tölegini töleýärler, — diýip, "Barca Universal" ispan tälimçiniň sözlerini ýazýar.

Häzirki wagtda 65 ýaşly Setien işsiz. Iň soňky topary 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda giden «Willarreal» boldy. Häzirki wagt «Barselona» maý aýyndan bäri nemes hünärmen Hans-Diter Flik ýolbaşçylyk edýär.


Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!