www.jankoyer.com.tm

Bundesliga. "Bawariýa" sag goragçysyz galdy

17.09.2024ý.

«Bawariýanyň» sag goragçysy Saşa Boe şikes, sebäpli birnäçe wagt meýdançadan daşlaşdy. Žurnalist Fabrizio Romanonyň habar bermegine görä, futbolçy şikes sebäpli birnäçe hepde sypdyrar.

Futbolçy eýýäm operasiýa edildi. Bu, Boe üçin şu ýylyň ýanwar aýynda «Bawariýa» geçenden soň alan ikinji agyr şikesidir. Mýunhen topary bu fransuz futbolçyny «Galatasaraýdan» 30/35 million ýewro satyn alypdy. 

Boe häzirki möwsüm Bundesligada iki oýun oýnamagy başardy we şol oýunlarda bir asist berdi. 24 ýaşly goragçy ýanwar aýynda Mýunhen toparyna geçse-de, geçen möwsüm hem Germaniýa çempionatynda bary-ýogy iki oýun oýnady.

Şeýlelik bilen, «Bawariýa» beýleki sag goragçysy Ýosip Stanişiç hem şikesliligi sebäpli sag goragçysyz galdy. Olar üçünji sag goragçysy Nussair Mazrauini bolsa şu tomus «Mançester Ýunaýtede» satdylar.


Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!