www.tff.com.tm

Ýetginjekleriň Kubok ýaryşynda ýeňiji belli boldy.

16.09.2024ý.

FIFA-nyň taslamasy esasynda geçirilen ýaryşda ýeňiji belli boldy.

Aşgabadyň «Diýar» futbol topary 2009-2010-njy ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda geçirilen Kubok ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Topar final duşuşygynda paýtagtyň başga bir güýçli wekili bolan «Altyn Täçden» 2:0 hasabynda üstün çykdy. Final duşuşygy düýn «Aşgabat» köpugurly sport toplumynyň ýanaşyk meýdanlarynyň birinde geçirildi.

Ýaryşa sekiz toparyň gatnaşandygyny ýatladýarys. Olar öz aralarynda iki toparça bölündiler. Şeýlelikde, «A» toparçada «Altyn Täç» we «Çandybil», «B» toparçada bolsa «Diýar» we «Kuwwatly beden» toparlary öz toparçalarynda birinji we ikinji orunlary eýeläp, ýarymfinal duşuşygyna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Ýarymfinallarda «Altyn Täç» «Kuwwatly bedeni» 2:0, «Diýar» bolsa «Çandybili» 1:0 hasabynda ýeňdi.

Düýn geçirilen final duşuşygy bolsa «Diýaryň» 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

8-nji sentýbarda başlanyp, 15-nji sentýabrda tamamlanan kubok ýaryşyny Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebi bilen bilelikde gurady. Ýaryş FIFA-nyň «Zehinleri ösdürmek taslamasynyň» çäklerinde geçirildi.


Çeşme: TFF