www.jankoyer.com.tm

La Liga. Frenki de Ýong türgenleşiklere gaýdyp geldi

16.09.2024ý.

Kataloniýaly toparynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, «Barselonanyň» ýarymgoragçysy Frenki de Ýong umumy toparda türgenleşiklere gaýdyp geldi.

De Ýong bu möwsümde ýekeje-de oýun oýnamady. 21-nji aprelde 27 ýaşyndaky Gollandiýaly futbolçy Ispaniýanyň çempionatynda «Real Madrid» (2:3) bilen geçirilen oýunda sag topugyndan şikes aldy. Şeýle hem, şikes zerarly Gollandiýanyň milli ýygyndysynyň giňeldilen toparyna girizilen hem bolsa, 2024-nji ýyldaky Ýewropa çempionatyny geçirmäge mejbur boldy.

«Barselona» 22-nji sentýabrda Ispaniýa çempionatynyň 6-njy tapgyrynda myhmançylykda «Willarreal» bilen oýnar.


Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!