Serie A. "Inter" Asllani bilen şertnamasyny uzaltdy

16.09.2024ý.

«Inter» ýarymgoragçysy Kristian Asllani bilen şertnamany uzaltdy diýip, Milan toparynyň metbugat gullugy habar berdi. 22 ýaşly alban futbolçy bilen täze şertnama 2028-nji ýyla çenli dowam eder.

«Inter» Asllanini 2022-nji ýylda «Empoliden» 10 million ýewra satyn aldy. Şondan bäri alban ýarymgoragçysy 64 resmi oýun oýnady, şol oýunlarda bir pökgi geçirdi we iki asist berdi. Futbolçy Milan toparynyň agzasy hökmünde Italiýa çempionatynda, Italiýa kubogynda we ýurduň Super kubogynda ýeňiji boldy.

Häzirki wagtda «Inter» Italiýa çempionatynda 8 utuk bilen ikinji orunda barýar.


Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!