Güýçli garşydaşyny ýeňeni üçin iPhone 16 sowgat.

16.09.2024ý.

Italiýaly tälimçi güýçli garşydaşyny ýeňeni üçin futbolçylaryna iPhone 16 sowgat berdi.

Horwatiýanyň çempionatynda 6-njy tapgyrda “Haýdyk Split” topary myhmançylykda soňky çempiony, köne bäsdeşi “Dinamo Zagrebi” 1-0 hasabynda ýeňdi. Ýeke-täk goly 70-nji minutda Marko Liwaýa geçirdi. Bu ýeňişden soň “Haýduk Split” utugyny 14-e çykaryp, 13 utukda galan zagreblilerden öňe saýlandy we 2-nji orna beýgeldi.

Duşuşykdan soň “Haýduk Splitiň” tomusda bellenen tälimçisi, italiýaly hünärmen Jennaro Gattuzo bu ýeňiş üçin futbolçylarynyň her birine, şol sanda tälimçiler toparyna iPhone 16 el telefonyny sowgat etdi. Bu barada “24sata” habar berýär. Gattuzonyň 30-35 telefon satyn alandygyny, munuň üçinem 40 müň ýewro töweregi pul harçlandygy habarda bellenilýär. Her bir telefon üçin 1100 ýewro möçberinde öz jübüsinden pul çykaran Gattuzo ýeterlik pul gazanandygyny, tälimçiligi pul üçin däl, futbola bolan söýgüsi üçin edýändigini öň aýdypdy. “Milan” klubunyň ozalky oýunçysy hem-de tälimçisi futbolçylaryna öň şeýle sowgatlar hem bermek isläpdi, ýöne kluby gerek ýerine ýeňiş gazanyp bilmändi.

Horwatiýanyň çempionatynda 6 tapgyrdan soň “Riýeka” 14 utuk bilen gol aratapawudy boýunça 1-nji orunda barýar.


Çeşmes: Zaman-Türkmenistan