www.jankoyer.com.tm

Gurban Berdiýew: "Gowy taraplarymyz hem, kemçiliklerimiz hem kän"

16.09.2024ý.

Duşuşykdan soň «Turan-Towuzyň» baş tälimçisi Gurban Berdiýew azerbaýjanly kärdeşlerimize interwýu berdi. Ol duşuşykdan soň eşik çalşylýan otagda ilkinji aýdan zadynyň iki ýarymda hem hasapda yza düşendikleri barada bolandygyny gürrüň berdi. Muňa garamazdan, ol oýunçylarynyň hasaby deňläp bilendikleri üçin hoşal.

― Ýeňiş gazanmak üçin näme ýetmedi?

― Ikinji ýarymda käbir futbolçylarymyzyň goýberen ýalňyşlygy garşydaşyň çalt hüjüme geçmegine şert döretdi. «Sabah» beýle pursatlardan netijeli peýdalanyp bilýän topar. Ýöne duşuşygyň erkini bütinleý garşydaşa bermändikleri üçin men öz ýigitlerimden hoşal.

― Duşuşykda bir goluňyz hasap edilmedi. Bu ýagdaý barada näme diýersiňiz?

― Kömekçi emin topuň meýdanyň daşyna çykandygyny aýtdy. Ýöne näme üçin beýle netijä gelendigi häzir hem gümürtik. Ýöne netije kabul edildi.

― 5 utuklyk ölçegde toparyňyzyň oýnuna näçe utuk bererdiňiz?

― Goragymyzda hem, hüjüm bölegimizde hem kemçilikler bar. Şonuň üçin häzir baha bermäge taýýar däl. Gowy we kemçilikli taraplarymyz bar.

― Toparyňyz ― ýaryşyň lideri. Siz bu ýagdaýdan hoşalmy?

― Hoşal däl diýip bilmerin. Her bir türgenleşikde, her bir duşuşykda elimizden gelenini gaýgyrmaýarys. Ýöne heniz hem bize kämilleşmek gerek.


Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!