www.jankoyer.com.tm
TÝL. 23-nji tapgyryň iki duşuşygy geçirildi
15.09.2024ý.
Mälim bolşy ýaly, 13-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Nusaý» stadionynda geçirilen «Aşgabat» – «ARKADAG» duşuşygy bilen futbol boýunça milli çempionatymyzyň Ýokary ligasynyň 23-nji tapgyryna badalga berlipdi.
Düýn bolsa tapgyryň iki duşuşygy geçirildi. Şol gün paýtagtymyzda «Köpetdag» «Merwi» kabul etdi. Çekeleşikli geçen duşuşygyň ikinji ýaryma berlen goşmaça 5-nji minudynda Toýly Goçnazarow «Merw» toparyna ýeňiş getiren pökgüni tora saldy. Balkanabatda bolsa «Nebitçi» «Şagadamy» kabul edip, 2:1 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykda ýeňiji toparyň gollaryny Myratdurdy Baýramow bilen Serdar Gulyýew geçirdi. "Şagadamyň" ýeke-täk goluny bolsa Yhlas Magtymow öz adyna ýazdyrdy.
Tapgyrdaky «Ahal» – «Altyn Asyr» duşuşygy ätiýaçdaky günleriň birine geçirilendigini ýatladýarys.
Türkmenistanyň Ýokary Ligasy – 2024
23-nji tapgyryň duşuşyklary:
14.09.2024ý. (şenbe)


«Köpetdag» – «Merw» – 0:1
[0:1] – 90'+5 Toýly Goçnazarow
Duýduryşlar:
21’ Jumamyrat Jumaýew («Köpetdag»)
25’ Şiri Annaýew («Köpetdag»)
31’ Furkat Tursunow («Merw»)
65’ Ali Haýdarow («Merw»)
74’ Orazmuhammet Işangulyýew («Köpetdag»)
88’ Döwletmyrat Seýitmuhammedow («Köpetdag»)
90’+2 Galabeg Jumamyradow («Köpetdag»)
90’+6 Batyr Geldiýew («Köpetdag»)
OS' Baýramgeldi Gulmaýew («Köpetdag»)
Meýdandan çykarylan: 90'+5 (ikinji duýduryş) Döwletmyrat Seýitmuhammedow («Köpetdag»)
Geçirilen ýeri: «Köpetdag» stadiony (Aşgabat ş.)
Başlanan wagty: 17:00
Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), K.Sapaýew (Daşoguz ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Weliýew (Änew ş.)
Gözegçi emin: Ç.Gurbanow (Aşgabat ş.)





















«Nebitçi» – «Şagadam» – 2:1
[1:0] – 20' Myratdurdy Baýramow
[2:0] – 22' Serdar Gulyýew
[2:1] – 50' Yhlas Magtymow
Duýduryşlar:
3' Daýanç Orazgulyýew («Nebitçi»)
10' Mekan Aşyrow («Şagadam»)
43' Aşyrgeldi Saryýew («Nebitçi»)
60' Arslangylyç Nazgylyjow («Nebitçi»)
81' Amanmuhammet Öräýew («Nebitçi»)
Meýdandan çykarylanlar:
36' Wezirgeldi Ylýasow («Nebitçi»)
36' Hojanazar Gurbanow («Şagadam»)






Geçirilen ýeri: «Sport toplumy» stadiony (Balkanabat ş.)
Başlanan wagty: 17:00
Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: B.Haknazarow (Aşgabat ş.), A.Begnazarow (Mary ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.)
Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.)
Bellik: «Ahal» – «Altyn Asyr» – ätiýaçdaky güne geçirildi.
Türkmenistanyň Ýokary Ligasy – 2024
Ýaryş tertibi: (23-nji tapgyr duşuşyklardan soň: 14.09.2024)

Çempionatyň iň netijeli futbolçylarynyň sanawy: (23-nji tapgyr duşuşyklardan soň: 14.09.2024)

Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


