OTÝ. Ýaşlar ýygyndymyzdan ajaýyp netije.

07.09.2024ý.

Türkmenistanyň futbol boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy Ispaniýanyň Mursiýa şäherindäki halkara okuw-türgenleşik ýygnanşygynyň çäklerinde şu gün, 7-nji sentýabrda ilkinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. 

Ýewropanyň iň güýçli ýaşlar ýygyndylarynyň biri bolan Uelsiň ýygyndysy bilen geçirilen duşuşyk ýaşlarymyzyň futbol meýdanynda görkezen ynamly oýny esasynda 2:2 deňlik hasabynda tamamlandy. Duşuşygyň 3-nji minutynda goragymyzdaky säwlilik sebäpli ýaşlar ýygyndymyz hasapda yzda galan hem bolsa, 74-nji minuda çenli güýçli garşydaşyň derwezesinden iki goly geçiren ýaşlar ýygyndymyzda ýeňiş gazanmagada mümkinçilik bardy. Duşuşygyň birinji ýarymynyň 31-nji minutynda jerime urgyny ussatlyk bilen ýerine ýetiren Magtymberdi Berenow ajaýyp gol bilen hasaby deňlän bolsa, ikinji ýarymynyň 74-nji minutynda Enwer Annaýew ildeşlerimizi öňe geçirdi. Ýöne Uelsli futbolçylar 76-njy minutda hasaby deňlemegi başardylar. Duşuşykda Türkmenistanly ýaş futbolçylaryň ýewropanyň öňdebaryjy ýygyndysy bilen deňeçer güýçde göreş alyp barandygyny aýratyn nygtamak gerek.

Tejribeli tälimçi Döwletmyrat Annaýewiň şägirtleri Ispaniýanyň Mursiýa şäherindäki ikinji ýoldaşlyk duşuşygyny 9-njy sentýabrda Farer Adalarynyň ýaşlar ýygyndysy bilen geçirerler.

Mälim bolşy ýaly, türkmen ýygyndysy geljek ýylyň 6-23-nji fewraly aralygynda Hytaý Halk Respublikasynda geçiriljek Aziýanyň kubogynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryny Gyrgyz Respublikasynda geçirer. Bije çekişligiň netijesinde «I» toparça wekilçilik eden türkmen ýygyndysy saýlama tapgyrdaky ilkinji duşuşygyny şu ýylyň 25-nji sentýabrynda Ýaponiýanyň ýaşlar ýygyndysy bilen geçirer. Biziň ildeşlerimiziň 27-nji sentýabrdaky garşydaşy bolsa Gyrgyzystanyň ýygyndysy bolar. Döwletmyrat Annaýewiň şägirtleri saýlama tapgyrdaky jemleýji duşuşygyny 29-njy sentýabr güni Mýanmanyň ýygyndysy bilen geçirer.

Aziýanyň kubogy 2025-e yklymdan 16 ýygyndy gatnaşyp biler. Bu bolsa türkmen ýygyndysynyň toparçada birinji orny eýelän ýagdaýynda yklym ýaryşynyň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanjakdygyny görkezýär. Şeýle hem ýaryşa toparçalarda iki orny eýelän ýygyndylaryň iň gowy netije görkezen bäşisi gatnaşar.

Halkara ýoldaşlyk duşuşygy:

07.09.2024ý.

Uels – TÜRKMENISTAN — 2:2

[1:0] — 3’ (ö.d.) Ismail Kambarow

[1:1] — 31’ Magtymberdi Berenow

[1:2] — 74’ Enwer Annaýew

[2:2] — 76’ Gabriele Býançeri

Duşuşygyň emini: Kuadrado Garsiýa (Ispaniýa)

Geçirilen ýeri: «Pinatar Arena» futbol merkezi. Mursiýa şäheri, (Ispaniýa)

 

Türkmenistanyň futbol boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndy toparynyň meýdança çykan düzümi:

 

Esasy düzüm:

[1] Seýran Aşirow (derwezeçi)

[22] Mekan Muhammedow

[3] Gurbangeldi Garajaýew

[4] Beglimuhammet Bekmyradow (kapitan)

[2] Ismail Kambarow

[13] Maksat Ilmyradow

[8] Ýakupmuhammet Gowşudow

[5] Ibraýym Amangeldiýew

[10] Magtymberdi Berenow

[17] Enwer Annaýew

[9] Gurbanmuhammet Esenow

 

Ätiýaçdaky düzüm:

[23] Dawut Dawadow (derwezeçi)

[14] Hangeldi Berdiýew

[19] Mekan Ýazmyradow

[7] Diýargylyç Urazow

[21] Batyr Begenjow

[18] Berdimyrat Daňatarow

[20] Begenç Agajumaýew

[11] Yslam Annamyradow

[15] Ýolmämmet Garajaýew

[6] Magtymguly Papyýew

 

Baş tälimçi: Döwletmyrat Annaýew

 

Çeşme: TFF