"Benfikanyň" täze tälimçisi mälim edildi

07.09.2024ý.

Lissabonnyň «Benfikasy» täze baş tälimçiniň bellenendigini habar berdi.

Portugaliýa toparynyň tälimçisi wezipesini öň 2019-njy ýyldan 2020-nji ýyla çenli "bürgütler" bilen işleşen 48 ýaşly hünärmen Brunu Laže aldy. Toparyň metbugat gullugynyň habaryna görä, tälimçi bilen «Benfikanyň» arasyndaky iş şertnamasy 2026-njy ýylyň ortalaryna çenli dowam eder. Hünärmeniň öňki iş ýeriniň Braziliýanyň «Botafogo» topardygyny ýatladýarys.

Portugaliýa çempionatynyň dört tapgyryndan soň, «Benfika» ýedi utuk toplady we sanawda ýedinji orunda barýar.


Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!