Angliýadan üýtgeşik bir waka

07.09.2024ý.

Geçen tomus «Çelsiniň» eýesi Todd Bouly bir oýunçy barada onuň agenti bilen habarlaşdy. Agent, oýunçynyň bahasynyň 12 million ýewrodygyny aýtdy. Bouly soň agentine oýunçy üçin 14 million ýewro teklip etmäge taýýardygyny habar berdi. Oýunçynyň wekili ondan indiki ädimiň näme üçin 13 million däldigini sorady. Soňra “Çelsiniň” eýesi 13-nji belgini şowsuz hasaplaýandygyny aýtdy. Bu gepleşik barada ESPN habar berýär.

Häzirki wagtda «Çelsi» iňlis çempionatynda 11-nji ýerde. Üç başlangyç tapgyrda Enzo Mareskanyň topary dört utuk toplady.


Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!