www,jankoyer.com.tm

TBL. Daşoguz: "Turan" toparyndan ajaýyp badalga.

07.09.2024ý.

2024-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň Birinji ligasynda Daşoguz welaýaty boýunça ýaryşa badalga berildi.

Sebitiň çempionlygy we Birinji liganyň final tapgyryna gatnaşmak üçin 8 topar göreşýär. Olar, Görogly etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň «Ukyply Ýaşlar» futbol topary, Daşoguz welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň «Köpetdag», Akdepe etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň «Ýazyrhan», Daşoguz şäher Hojalyk hasaplaşykly sport futbol toparynyň «Turan», Şabat etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň «Şabat», Boldumsaz etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň «Boldumsaz», S.Türkmenbaşy etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň «Aýböwür» hem-de Daşoguz şäher “Atdan Peşgeş” hususy kärhanasynyň «Oguz» futbol toparlarydyr.

Ýaryşyň açylyş duşuşygynda Daşoguz şäherindäki «Garaşsyzlyk» stadionynda ýerli «Turan» Şabat etrabynyň adybir futbol toparyny kabul etdi. Duşuşykda Alibek Sapaýewiň tälim berýän topary «Turanyň» 9:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Tapgyryň beýleki iki duşuşygynda Görogly etrabynyň «Ukyply ýaşlar» topary Daşoguzyň «Oguz» topary bilen duşuşdy. Boýdan-başa dartgynly ýagdaýlara baý bolan duşuşyk Aziz Atahanowyň tälim berýän futbolçylary «Oguzyň» 4:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Şeýle-de «Köpetdag» futbol topary, duşuşygyň ikinji ýarymynda Atajan Işçanowyň geçiren ýeke-täk topy esasynda «Aýböwür» toparyndan rüstem gelmegi başardy. 

Türkmenistanyň sebitleýin birinjiligi: Birinji liga. Daşoguz sebiti.

1-nji tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:

«Turan» (Daşoguz ş.) – «Şabat» (Şabat etr.) – 9:0

[1:0] – 18' Aziz Rozymow

[2:0] – 27' Suražaddin Jumanyýazow

[3:0] – 36' Sapa Mätiýew

[4:0] – 38' Hamid Meňlibaýew

[5:0] – 57' Aziz Abdullaýew 

[6:0] – 60' Aziz Rozymow

[7:0] – 70' Sapa Mätiýew

[8:0] – 71' Hasanbaý Ýusubow

[9:0] – 77' Sapa Mätiýew


«Ukyply ýaşlar» (Görogly etr.) – «Oguz» (Daşoguz ş.) – 2:4

[0:1] – 16' Hamza Allamow

[1:1] – 30' Alty Altyýew

[2:1] – 39' (11 m.j.u.) Alty Altyýew

[2:2] – 56' Ulugbek Ibragimow

[2:3] – 71' Hamza Allamow

[2:4] – 74' Ulugbek Ibragimow

Duýduryşlar:

40' Daýanç Gurbanow («Ukyply ýaşlar»)

40' Şamyrat Myradow («Ukyply ýaşlar»)


«Köpetdag» (Daşoguz ş.) – «Aýböwür» (S.Türkmenbaşy etr.) – 1:0

[1:0] – 68' Atajan Işçanow

Duýduryşlar:

36’ Atajan Işçanow («Köpetdag»)

36' Begenç Itjiýew («Aýböwür»)

56’ Daýanç Pirjanow («Aýböwür»)

76’ Merdan Töräýew («Aýböwür»)

78' Merdan Amanow («Aýböwür»)

Meýdandan çykarylan:

78’ Atajan Işçanow – ikinji duýduryş («Aýböwür»)

85’ Merdan Amanow – ikinji duýduryş («Aýböwür»)

Şeýle-de,  şu gün sebitleýin ýaryşyň birinji tapgyrynyň jemleýji duşuşygy geçiriler. Onda, «Ýazyrhan» futbol topary «Boldumsaz» toparyny kabul eder.


07.09.2024ý.

17:30 | «Ýazyrhan»  «Boldumsaz»

Geçirilýän ýeri: Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 1-nji desgasy 


Türkmenistanyň sebitleýin birinjiligi: Birinji liga. Daşoguz sebiti.

2-nji tapgyr duşuşyklary:

08.09.2024ý. | «Oguz» — «Şabat»

09.09.2024ý. «Ukyply Ýaşlar» — «Köpetdag»

10.09.2024ý. «Aýböwür» — «Ýazyrhan»

11.09.2024ý. «Boldumsaz» — «Turan»


Çeşme: TFF