Ýaponiýanyň jogapsyz 7 goly, Awstraliýa öz meýdançasynda utuldy.

07.09.2024ý.

Dünýä Kubogynyň Aziýa zolagy boýunça 3-nji saýlama tapgyrynyň ilkinji duşuşyklary geçirildi. Oýnalan 9 duşuşygyň käbirinde garaşylmadyk netijeler hasaba alyndy.

“A” toparçada Özbegistanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Demirgazyk Koreýany Maşaripowyň 20-nji minutdaky goly bilen 1-0 ýeňdi. Eýran hem şol hasap bilen Gyrgyzystandan üstün çykyp, ýeke-täk goly 34-nji minutda Mehdi Taremi geçirdi. Kataryň ýygyndysynyň öz meýdançasynda BAE-den 3-1 utulmagy garaşylmadyk netije boldy. 1-nji ýarymda Al-Hassanyň goly bilen öňe geçen katarlylar 2-nji ýarymda 3 gol geçirtdiler. BAE-niň ýygyndysyna ýeňiş getiren gollary Abdalla (68), Ibrahim (80) hem-de Saleh (90+4) geçirdi.

“B” toparçada oýunlaryň 2-si deňlikde tamamlandy. Günorta Koreýanyň ýygyndysyna öz meýdançasynda Palestinany ýeňmek başartmady (0-0). Yragyň ýygyndysy Omany Husseiniň 13-nji minutdaky goly bilen 1-0 ýeňdi. Kuweýtiň ýygyndysy myhmançylykda Iordaniýa bilen duşuşyp, 90+2-nji minutda ýeňlişden halas boldy (Al-Tamari 14 – Nasser 90+2 p).

“C” toparçadaky oýunlaryň 2-si garaşylmadyk netije bolup, beýlekisinde-de uly hasaply ýeňiş ýüze çykdy. Ýaponiýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Hytaýyň ýygyndysyny 7-0 hasabynda utdy. Gollary Endo (12), Mitoma (45+2), Minamino (52, 58), Ito (77), Maeda (87) hem-de Kubo (90+5) geçirdi.

Awstraliýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Bahreýnden 1-0 asgyn geldi. Ýeke-täk goly 89-njy minutda Sutter öz derwezesinden geçirdi. Saud Arabystanynyň ýygyndysy bolsa öz meýdançasynda Indoneziýa bilen 1-1 hasabynda deňme-deň oýnady (Al-Juwaýr 45+3 – Oratmangoen 19).


Çeşme: Zaman-Türkmenistan