www.jankoyer.com.tm

TÝL. "Ahal" – "Merw" – 2:0 (21-nji tapgyr).

31.08.2024ý.

TÝL-2024: 21-nji tapgyr: «Ahal» ýene-de ikinji orna göterildi

Düýn, 30-njy awgustda paýtagtyň «Nusaý» stadionynda Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynyň 21-nji tapgyrynyň çäklerinde geçirilen duşuşykda «Ahal» Marynyň «Merw» futbol toparyny kabul etdi.

Duşuşyk ýer eýeleriniň 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Bu ýeňişden soň utugyny 43-e çykaran «Ahal» ýaryş tertibinde ýene-de ikinji ornuň ýeke-täk eýesi boldy. Eger «Altyn Asyr» şu gün «Şagadamdan» üstün çykyp bilse, ýene-de «Ahal» bilen bu orna şärik bolar. 24 utukly «Merw» bolsa bäşinji basgançakda galdy.

Tapgyryň ilkinji iki duşuşygynda «Arkadag» topary «Nebitçini» 5:1 hasabynda utupdy. Paýtagt derbisinde bolsa «Aşgabat» bilen «Köpetdag» 1:1 hasabyndaky deňlik bilen utuklary paýlaşdylar.

TÝL ― 2024. 21-nji tapgyryň duşuşygy

30.08.2024ý. (Anna)

«Ahal» – «Merw»  – 2:0

[1:0] – 15’ Daýanç Meredow

[2:0] – 46’ (ö.d.) Şazada Bäşimow

Duýduryşlar:

55' Salim Umarow («Ahal»)

83' Azat Rahmanow («Ahal»)

90'+2 Ybraýym Amangeldiýew («Ahal»)

Oýundan Soň, Gurbanmuhammet Esenow («Ahal»)

Geçirilen ýeri: «Nusaý» stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: B.Haknazarow (Aşgabat ş.) Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.)  

Ätiýaçdaky emin: M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.)


Çeşme: TFF