TBL. Balkan: "Gumdag" bilen "Galkynyş" öňdebaryjy

30.08.2024ý.

«Gumdag» we «Galkynyş» futbol toparlary Türkmenistanyň çempionatynyň Birinji ligasynyň Balkan sebitinde öňdäki orunlary eýeleýärler. Bu toparlaryň ikisinde hem ilkinji üç tapgyrdan soň 9 utuk bar. Sebit boýunça ýaryşa bäş topar gatnaşýar. Olar: Balkanabat şäheriniň «Ýaşlyk», «Galkynyş» we «Türkmennebit», Gumdag şäheriniň «Gumdag» we Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» futbol toparlarydyr.

Sebitleýin ýaryş iki aýlawdan ybarat bolar. Ähli duşuşyklaryň netijesinde iň köp utuk toplap, sebitiň çempiony bolan topar Aşgabat şäherinde geçiriljek jemleýji ýaryşa gatnaşar.

Gumdag şäheriniň "Gumdag" topary soňky gezek çempionlyk derejesini 2012-nji yylda 6-nji gezek geçirilen futbol möwsüminde gazanmagy başarypdy. 12 ýyl bäri "Gumdag" toparyna çempion bolmak başardanok. 

Balkanabat şâherinin "Galkynyş" topary bolsa soňky çempionlyk derejesini 2016-njy yylda gazanypdy. "Galkynyş" topary "Balkan zolagynyň" Birinji liga ýaryşy açylan gününden bäri şu güne çenli yzygiderli gatnaşyp gelyär, topar käbir möwsümde  "Gara Altyn" ady bilen hem çykyş edipdi. Toparyň baş tâlimçisi Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Öregeldi Kowusowdygyny bellemek gerek. 

3-nji tapgyryň duşuşyklary: 

"Türkmennebit" – "Şagadam" – 4:2

"Gumdag" – "Ýaşlyk" – 3:1

Dynç alyş: "Galkynyş" 

4-nji tapgyryň duşuşyklary: 

31.08.2024ý.

"Şagadam" – "Galkynyş" 

01.09.2024ý.

"Gumdag" – "Türkmennebit" 

Dynç alyş: "Ýaşlyk


Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!