www.jankoyer.com.tm

TÝB. 20-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi.

24.08.2024ý.

Düýn, 23-nji awgustda Türkmenistanyň Futbol çempionatynyň Ýokary ligasyna wekilçilik edýän toparlaryň ýaşlar düzümleriniň arasyndaky birinjilikde 20-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň saýty habar berýär. 

Olarda «Merwiň», «ARKADAG» toparynyň we «Ahalyň» ýaşlar düzümleri degişlilikde «Nebitçiniň», «Altyn Asyryň» hem-de «Köpetdagyň» ýaşlaryndan üstün çykdylar. Ozal hem habar berşimiz ýaly, günüň birinji ýarymynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen duşuşykda «Şagadamyň» we «Aşgabat» futbol toparynyň ýaşlar düzümleri 2:2 hasabynda deňme-deň oýnapdylar.

20-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň 52 utuk toplap bilen «Arkadag-II» futbol topary ýaryş tertibiniň başyny çekýär. Ikinji orundaky «Ahal-II»-niň 40, üçünji orundaky «Altyn Asyr-II»-niň bolsa 33 utugy bar.

TÝB 2024. 20-nji tapgyryň netijeleri:

23.08.2024ý.

«Merw-II» – «Nebitçi-II» — 2:0

[1:0] – 15' Ioann Solodownikow

[2:0] – 29’ Ioann Solodownikow

Duýduryşlar:

47’ Remezan Geldiýew («Nebitçi-II»)

84’ Meýlis Orazgeldiýew («Merw-II»)

(Oýundan soň)' Geldimyrat Salmyradow («Nebitçi-II»)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: I.Kurambaýew (Aşgabat ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.)

«ARKADAG-II» – «Altyn Asyr-II» — 4:1

[1:0] – 9' Didar Nasyrow

[2:0] – 10’ Enwer Annaýew

[3:0] – 45’+1 Batyr Aşyrow

[4:0] – 71’ Pälwan Annaýew

[4:1] – 74’ Söhbet Durdyýew

Duýduryşlar:

7’ Silap Hommadow («Altyn Asyr-II»)

59’ Ýakupberdi Baýramgeldiýew («Altyn Asyr-II»)

59’ Hajymuhammet Orazow («ARKADAG-II»)

63’ Erkintagan Gelditaganow («Altyn Asyr-II»)

63’ Ilýas Çaryýew («ARKADAG-II»)

73’ Hangeldi Berdiýew («ARKADAG-II»)

Geçirilen ýeri: Sport mekdep-internatynyň sport desgasy (Gökdepe etr.Babarap obasy)

Duşuşygyň emini: H.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Weliýew (Änew ş.), A.Jumaýew (Mary ş.)

Ätiýaçdaky emin: E.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)

 

«Köpetdag-II» – «Ahal-II» — 1:2

[0:1] – 40' (ö.d.) Batyr Sähedow

[1:1] – 48’ (ö.d.) Ruslan Priýew

[1:2] – 80’ Batyrmuhammet Annaýew

Duýduryş:

63' Nikita Kirilenko («Köpetdag-II»)

Geçirilen ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: M.Şanazarow (Ýolöten ş.), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: P.Palwanow (Daşoguz ş.)

Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.).