www.jankoyer.com.tm

AFC CL. "ARKADAG" toparynyň garşydaşlary belli boldy

22.08.2024ý.

Ýurdumyzyň çempiony «ARKADAG» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň «B» toparçasynda çykyş eder. Ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynyň bijeleri AFK-nyň Kuala-Lumpur şäherindäki ştab-kwartirasynda şu gün çekildi.

Bu toparçada ýurdumyzyň çempionyna Kuweýtiň «Al-Arabi», Maldiw adalarynyň «Maziýa» we Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» toparlary garşydaş boldy. 

«Al-Arabi» geçen möwsümde Kuweýtiň Premýer ligasynda ikinji orny eýeläp, özüne yklymyň üçünji derejeli klublaýyn ýaryşyndan orun aldy. «Maziýa» bilen «Abdyş-Ata» bolsa wekilçilik edýän döwletleriniň futbol çempionatlarynyň iň ýokarky dwizionlarynyň çempionlarydyr. Ýöne gyrgyz toparynyň ýaryşa saýlama tapgyrdan goşluşandygyny ýatlatmak isleýäris.

«B» toparçanyň duşuşyklary 26-njy oktýabrdan 1-nji noýabra çenli aralykda merkezleşdirilen görnüşde Kuweýtde geçiriler. Günbatar sebitde toparçada birinji orny eýelän toparlar gönüden-göni adyny çärýekfinala ýazdyryp biler. Bu sebitdäki «A», «B» we «C» toparçalarynda ikinji orny eýelän toparlar bolsa çärýek finalyň nobatdaky bir ýollanmasy üçin öz aralarynda güýç synanyşarlar. Bu «ARKADAG» toparynyň toparçada birinji orny eýeläp bilse, adyny çärýekfinala ýazdyrjakdygyny, ikinji orny eýelese, «A» we «C» toparçalarynda şol orny eýelän toparlar bilen duşuşykjakdygyny görkezýär.

Bije çekişligiň netijesinde AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ilkinji möwsüminde aşakdaky toparçalar emele geldi:

Günbatar sebit:

«A» toparça: «Ist Bengal» (Hindistan), «Nejmeh» (Liwan), «Başundara Kings» (Bangladeş), «Paro» (Butan, ýer eýesi);

«B» toparça: «Al-Arabi» (Kuweýt, ýer eýesi), «ARKADAG» (Türkmenistan), «Maziýa» (Maldiw adalary), «Abdyş-Ata» (Gyrgyzystan);

«C» toparça: «Al-Ahli» (Bahreýn), «Al-Fotuwa» (Siriýa), «Al-Sib» (Oman, ýer eýesi), «Hilal Al-Kuds» (Palestina).

Gündogar sebit:

«D» toparça: «Şan Ýunaýted» (Mýanma, ýer eýesi), «Taýwan Stil» (Taýwan), «Ýong Elephants» (Laos);

«E» toparça: «Madura Ýunaýted» (Indoneziýa), «Preah Han Riç Swaý Rieng» (Kambojiýa), «SP Falkons» (Mongoliýa, ýer eýesi).