
Gurban Berdiýew: "Güýçli garşydaşlar bilen iki duşuşyk geçirdik"
13.08.2024ý.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» futbol topary türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky resmi duşuşyklardaky ilkinji ýeňşini gazandy.
Topar ýurduň çempionatynyň 2-nji tapgyrynda «Sumgaýyty» 1:0 hasabynda ýeňdi.
Duşuşykdan soň «Turan-Towuzyň» baş tälimçisi, türkmenistanly hünärmen Gurban Berdiýew pikirlerini şeýle sözler bilen beýan etdi: «Biri-birinden tapawutly iki ýarym oýnadyk. Men oýunçylarymyň birinji ýarymdaky işjeňliginden hoşal. Arakesmede hasaby goramak barada pikir alyşdyk. «Sumgaýyt» güýçli düzüminiň bardygyny oýunda subut etdi. Emeli otly meýdanda oýnamak bolsa iki topar üçin hem kynçylyk döredýär. Käbir pursatlarda bolsa oýun parahat alyp gitdik. Biz ilkinji iki duşuşygymyzy güýçli garşydaşlar bilen geçirdik. Mundan beýläk has gowy oýny orta goýmaga çalşarys. Netijesini bolsa bilelikde göreris. Hüjümde Jona ynanýaryn, ol işjeň hereket edýär. Ýöne oňa ýene biraz wagt gerek».
Yzda galan iki tapgyrdan soň «Turan-Towuzyň» 4 utuk bilen ýaryş tertibinde ikinji orny eýeleýändigini ýatladýarys.