www.jankoyer.com.tm

AFC CL TWO. "Altyn Asyr" saýlama duşuşyk üçin Hindistana bardy

13.08.2024ý.

Aşgabadyň «Altyn Asyr» futbol topary AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ikinji derejeli ýaryşynyň saýlama duşuşygyna gatnaşmak üçin Hindistana bardy.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri 14-nji awgustda ýurduň «Ist Bengal» topary bilen duşuşar. Bu duşuşygyň ýeňijisi ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryndan orun alar.

«Altyn Asyryň» bu ýaryşa Rumyniýada geçirlen okuw-türgenleşigi arkaly taýýarlyk görendigini bilýäris. Türkmen futbolçylary dostlukly döwletde ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birnäçesini geçirip, olarda güýçli garşydaşlardan üstün çykmagy hem başardylar.

Hindistana ugramazyndan öň bolsa «Altyn Asyr» Aşgabatda Marynyň «Merw» futbol topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Bu duşuşyk Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleriniň 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

«Altyn Asyr» ýaryşyň geçiriljek ýerine ― Kalkutta şäherine baryp, bu ýerde ilkinji türgenleşigini geçirdi.

«Ist Bengal» ― «Altyn asyr» duşuşygy şu şäherdäki «Salt Leýk» stadionynda geçiriler. Duşuşygyň Aşgabat wagty bilen, takmynan, 18:30-da başlanmagyna garaşylýar. «Altyn Asyr» bu duşuşykda garşydaşyndan üstün çykyp bilse, AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ikinji derejeli ýaryşynyň toparçalaýyn bölegine goşular. Topar hindistanly garşydaşyndan ýeňilse, yklym ýaryşlardaky ýoluny AFK-nyň Çagyryş ligasyndan dowam eder.