www.jankoyer.com.tm

TÝL. TFF ýaryşlara özgertmeleri girizdi

06.08.2024ý.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy milli çempionatynyň üçünji aýlawynyň, Kubok ýaryşynyň, şeýle hem Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşygyň senenamalaryny kesgitledi.

Bu ýaryşlardaky esasy üýtgeşme Marynyň «Energetik» toparynyň ýaryşlardan çekilmegi bolar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň çempiony we Kubok ýaryşy Ýokary liganyň sekiz topary bilen alnyp barlar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, milli çempionatyň üçünji aýlawyna 16-njy awgustda badalga berler. Şol gün «Ahal» paýtagtyň «Aşgabat» toparyny kabul eder. 17-nji awgustda bolsa tapgyryň «Arkadag» – «Şagadam» we «Nebitçi» – «Köpetdag» duşuşyklary geçiriler. Bu tapgyrdaky «Altyn Asyr» – «Merw» duşuşygy 27-nji sentýabra geçirildi.

Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryş, ozalky meýilleşdirilişi ýaly, deslapky tapgyrdan däl-de, çärýekfinal duşuşyklaryndan başlanar. Ýaryşa 20-nji awgustda badalga berler. Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyk bolsa 29-njy sentýabrda «Arkadag» we «Ahal» toparlarynyň arasynda geçiriler.


Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!