"Real" Ronaldo bilen oýnan ýyldyzy Ýewropa getirer

26.07.2024ý.

"Realyň" işgärleri topardan giden merkezi goragçy Naço Fernandesiň ornuna başga bir futbolçy gözleýärler. Iň soňky maglumata görä, madridliler Saud Arabystany çempionatynda Kristiano Ronaldo bilen bilelikde "An-Nasr" toparynda oýnaýan ispan goragçysy Emerik Laporteni getirmek isleýär.

"El Larguero" neşiriniň ýazmagyna görä, 30 ýaşly futbolçynyň özi hem Ýewropa dolanmak üçin aýlygynyň birnäçe esse azalmagyna razy boldy.

Emerik Laporte Bilbaonyň "Atletik" we Angliýanyň "Mançester Siti" klublarynda ussatlyk bilen oýnady. Tejribeli merkezi goragçy geçen tomus "An-Nasra" geçipdi.

"Transfermarkt" portaly tarapyndan 20 million ýewro bahasy bolan futbolçynyň Saud Arabystany bilen şertnamasy 2026-njy ýylyň ortalaryna çenli baglaşylandyr.


Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!